Asus: MacBook Neo kompýuter bazaryny haýran galdyrdy

  • 15.03.2026 20:30
  • 2.5k+

«Arzan bahaly MacBook Neo noutbugynyň peýda bolmagy tutuş şahsy kompýuter (PK) bazary üçin hakyky sarsgyn boldy. Bu barada Asus kompaniýasynyň maliýe direktory Nik Wu giňişleýin belleýär» diýip, PCMag neşiri ýazýar.

Top-menejeriň aýtmagyna görä, beýle elýeterli modeliň çykmagy pudak üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy. Sebäbi ozal Apple öz kompýuterlerini diňe premium segmentde hödürlemek ýörelgesine eýerýärdi. Häzirki wagtda bazaryň beýleki gatnaşyjylary täze enjam bilen bäsleşmegiň dürli ýollaryny oýlap-ölçerýärler. Bu çekişmelere Microsoft, Intel we AMD ýaly ägirt uly kompaniýalar hem goşuldy.

Asus-yň wekilleriniň pikiriçe, Windows platformasyndaky noutbuk öndürijiler MacBook Neo-ny örän çynlakaý garşydaş hökmünde kabul edýärler. Hatda ýakyn wagtda dürli kompaniýalaryň bu modele gönüden-göni bäsdeşlik edip biljek täze enjamlary çykaryp başlamagyna-da garaşmak bolar.

Apple bu täze önümini 4-nji martda tanyşdyrdy. Noutbuk esasan berk we döwrebap metal gurluşly korpusy, iPhone 16 Pro-da hem ulanylýan kuwwatly A18 Pro çip prosessory hem-de giň okyjylar köpçüligi we gündelik ulanyjylar üçin niýetlenendigi bilen tapawutlanýar.

Başlangyç bahasy 599 dollara deň bolan MacBook Neo-nyň satuwlary 11-nji martda başlandy.


09.06.2026 23:04
2.7k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......