Ford nogsanlyklaryň sany boýunça rekordyň eýesi: 2026-njy ýylda 7,3 milliondan gowrak ulagyny yzyna çagyrdy

  • 13.03.2026 13:45
  • 3k+

Ford amerikan kompaniýasy 2026-njy ýylyň başynda ABŞ-da bejeriş işleri üçin 7,3 milliondan gowrak awtoulagyny yzyna çagyrdy. Bu görkeziji ýylyň başyndan bäri bary-ýogy 61 günüň içinde hasaba alyndy.

Pudaklaýyn statistika görä, bu döwürde awtoöndürijiler jemi 61 sany serwis kampaniýasyny yglan etdiler. Şolaryň 17-si (umumy sanynyň takmynan 28%-i) Ford-yň paýyna düşdi. Yzyna çagyrylan awtoulaglaryň sany boýunça kompaniýanyň görkezijisi Amerikan bazaryndaky beýleki ähli öndürijileriň jeminden takmynan üç esse köpdür.

Serwis kampaniýalarynyň sany boýunça ikinji orny Toyota we Hyundai paýlaşýarlar. Bu kompaniýalaryň her biri bäş gezek yzyna çagyryş yglan etdi.

Bu ýagdaý 2025-nji ýylyň netijeleriniň dowamy bolup durýar. Şol wagt hem Ford önümçilik kemçilikleri boýunça lider bolupdy: jemi 12,9 million ulag bejergi üçin yzyna çagyrylypdy.

Soňky giň gerimli yzyna çagyryşlaryň sebäpleriniň arasynda yzky görüş kameralarynyň köpçülikleýin öçmegi (takmynan 1,74 mln ulag), tirkeg ulgamynyň programma üpjünçiligindäki säwlikler (takmynan 4,3 mln ulag), şeýle hem Lincoln Navigator wnedorožnik awtoulaglarynyň oturgyçlarynyň hereket wagtynda öz-özünden süýşmegi ýaly meseleler görkezilýär.


şu gün 08:19
164

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

şu gün 01:38
1.9k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
8.4k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
4.9k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......