Gylyksyz adamlar bilen gatnaşmak tiz garradýar

  • şu gün 13:16
  • 3.5k+

Ýaramaz gylykly adamlar bilen gatnaşmak biologiki garramagy, takmynan, 1,5% çaltlaşdyryp biler. Amerikan alymlary şeýle netijä geldiler, olaryň bu ugurda geçiren ylmy barlagy PNAS portalynda çap edildi.

Barlagçylar 2300-den gowrak adamyň maglumatlaryny öwrendiler. Gatnaşyjylar özleriniň fiziki we ruhy ýagdaýlary barada aýtdylar we DNK nusgalaryny berdiler.

Seljermeler duşmançylykly ýa-da ýakymsyz garaýyşly tanyşlarynyň arasynda bolýan adamlaryň, deň-duşlary bilen deňeşdirilende, biologik ýaş tapawutlarynyň uly bolýandygyny görkezdi. Ýanýoldaşlaryna garanda,  dostlary ýa-da garyndaşlary ýaramaz gylykly bolan adamlarda bu täsir has güýçli duýulýar.

Alymlar munuň nikanyň dartgynly gatnaşyklaryň täsirini bölekleýin ýumşadýandygy bilen baglanyşykly bolup biljekdigini aýdýarlar. Är-aýallyk gatnaşygynda ýaşaýan adamlar, adatça, kän ýalňyzlyk duýmaýarlar.

Şeýle-de bolsa, barlagçylar ýaramaz daşky gurşawyň islendik ýagdaýda-da saglyga ýaramaz täsir edýändigini belleýärler. Şeýle gatnaşyklardan ýüze çykýan dartgynlylyk garrama prosesini çaltlaşdyryp biler.

Barlaga gatnaşyjylaryň üçden bir bölegi durmuşynda azyndan bir problemaly adamyň bardygyny habar berdiler. Sorag edilenleriň takmynan 10%-i durmuşynda şeýle adamlaryň ikisiniň ýa-da ondan hem köpüsiniň bardygyny aýtdylar.


09.03.2026 00:00
7k+

Geçirilen pikirsoraşma ulag sürýän zenanlary iň köp alada goýýan zatlaryň nämedigini görkezdi

Halkara zenanlar güni ulag sürýän zenanlaryň endikleriniň garaşylmadyk barlagyny geçirmäge sebäp boldy. "Awtostat" agentliginiň seljerijileri gündelik ulag sürenlerinde zenanlary iň köp biynjalyk edýän zatlaryň nämedigini anyklamak kararyna geldiler...

08.03.2026 10:01
5.8k+

Garga özüne azar beren adamy ýatda saklap, ol hakda beýleki guşlara-da habar berip bilýär

Gargalar adamlary tanamaga, olaryň özüni alyp barşyny ýatda saklamaga we bu maglumaty beýleki guşlara ýetirmäge ukyplydyrlar. Bu barada Şmalgauzen adyndaky Zoologiýa institutynyň ylmy işgäri Natalýa Atamas RBK-Ukraina neşirine beren interwýusynda gürrüň berdi...

06.03.2026 15:30
3.2k+

Psihologlar çagalaryň haýsy ýaşda hünärler baradaky düşünjeleri özleşdirip başlaýandygyny anykladylar

Täze barlag çagalaryň ýedi ýaşyndaka ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika bilen baglanyşykly kärleri saýlamagyň ähtimallygy baradaky stereotipleri özleşdirip başlaýandygyny görkezdi. Bu garaýyşlar olaryň geljekde kär saýlamagyna täsir edip biler...

03.03.2026 14:57
1.4k+

Aýdym-saz we sungat eserleri güýçli emosiýa döredýärmi? Alymlar munuň sebäbini genlerden tapdylar

Alymlar aýdym-sazyň, goşgularyň ýa-da şekillendiriş eserleriniň lezzetinden emele gelýän endamyň tikeneklemek ýagdaýynyň sebäbiniň genlerde ýerleşýändigini we nesilden-nesle geçip bilýändigini anykladylar. Sungata bolan güýçli duýgurlyk we fiziologik täsirler hemmelerde gabat gelmeýär...