Xiaomi kompaniýasy Xiaomi brendi bilen soňky birnäçe ýylda ilkinji noutbugyny tanyşdyrdy

  • 13.03.2026 18:43
  • 1.6k+

Xiaomi kompaniýasy täze Xiaomi Book Pro 14 modeliniň tizer suratlaryny hödürledi. Bu kompaniýanyň 2023-nji ýylyň ahyrynda Xiaomi Book 14 modeli çykany bäri Xiaomi brendli ilkinji noutbugy boldy. Täze önüm ýakynda Hytaýda tanyşdyrylar.

Hödürlenen suratlardan görnüşi ýaly, noutbuk inçe metal korpusa eýe bolar we ol üç reňkde: gök, ak we çal reňklerde çykar. Maglumatlara görä, model berk magniý garyndysyndan ýasaldy, korpusynyň aşaky bölegi bolsa uglerod süýüminden taýýarlandy. Şeýle hem klawiaturanyň gurluşynda ýeňil titan garyndysy ulanyldy. Şunuň netijesinde noutbugyň agramy 1,08 kg töweregi boldy.

Öndürijilige Intel Core Ultra X7 358H prosessory jogap berýär. Gurluşda ýörite howa aýlanyş ulgamy, uly bug kamerasy we pes sesli wentilýator bilen sowadyş ulgamy oturdyldy. Şeýle hem noutbugyň Intel Core Ultra 5 325 prosessorly has elýeter wersiýasynyň bolmagyna garaşylýar.

Deslapky maglumatlara görä, alyjylara 24 ýa-da 32 GB operatiw ýady we 1 TB SSD bolan görnüşler hödürlener.


düýn 23:26
2.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.5k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....