YouTube mahabatyň üsti bilen iň iri telestudiýalaryň umumy girdejisinden köp gazandy

  • 12.03.2026 15:27
  • 1.2k+

2025-nji ýylda YouTube wideo-hyzmatynyň mahabat girdejisi 40,4 milliard dollara deň boldy. Bu görkeziji Disney, NBC, Paramount we Warner Bros. Discovery ýaly kompaniýalaryň mahabatdan gazanan umumy girdejilerinden (37,8 milliard dollar) ýokarydyr. «TechCrunch» neşiriniň habar bermegine görä, bu maglumatlary Moffett Nathanson gözleg kompaniýasy hödürledi.

Bir ýyl ozal ýagdaý düýbünden başgaçady. 2024-nji ýylda YouTube mahabatdan 36,1 milliard dollar girdeji alan bolsa, şol wagt Golliwudyň dört sany iri studiýasynyň umumy girdejisi 41,8 milliard dollar boldy.

Platformanyň ösüşi diňleýjileriň sanynyň artmagy we adaty telewideniýä bolan gyzyklanmanyň peselmegi bilen baglanyşyklydyr. Telestudiýalar filmleri we seriallary öndürmek üçin çykdajylaryň artmagy, şeýle hem tomaşaçylaryň, esasan hem ýaşlaryň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Alphabet kompaniýasynyň habar bermegine görä, YouTube-yň 2025-nji ýylda umumy girdejisi 60 milliard dollara ýetdi. Girdejiniň esasy bölegi YouTube TV, YouTube Premium, YouTube Music ýazylyşygyndan, şeýle hem NFL Sunday Ticket oýunlaryny göni ýaýlymda görkezmek hukugyndan alyndy.

Deňeşdirmek üçin: Netflix-iň ýyllyk girdejisi 45,2 milliard dollara, Disney-iň media-biznesiniň girdejisi bolsa 60,9 milliard dollara deň boldy.

Şeýle-de bolsa, mahabat bazarynda Meta iň iri oýunçy bolmagynda galýar. 2025-nji ýylda kompaniýa mahabatdan 196,2 milliard dollar gazandy.

Diňe 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde YouTube-yň mahabat girdejisi 11,4 milliard dollar boldy.


02.06.2026 07:43
1.3k+

YouTube emeli aň tarapyndan döredilen wideolary awtomatiki usulda belgiläp başlar

YouTube platformanyň syýasatyndaky üýtgeşmeler barada yglan etdi we emeli aň (EA) arkaly döredilen wideolary bellemek ulgamyny ornaşdyryp başlady....

21.05.2026 11:17
1.2k+

Gemini 3.5, ýok ýerden operasion ulgam we gözlegiň täze usuly: Google I/O 2026-da nämeleri görkezdi?

Google "I/O 2026" ýyllyk dizaýnerler maslahatynda öz ekosistemasyny düýpli täzeländigini yglan etdi. Şonda tizligi bilen tapawutlanýan "Gemini 3.5 Flash-yň" başda durmagynda "Gemini 3.5" emeli aň modelleriniň......

26.04.2026 21:18
3.1k+

iPhone 17e-niň gorag aýnasy zeperlenmelere garşy aşa çydamly bolup çykdy

YouTube-de JerryRigEverything ady bilen tanalýan bloger Zak Nelson iPhone 17e smartfonynyň zeperlenmelere garşy durnuklylygyny synagdan geçirdi....

15.04.2026 19:03
950

Google YouTube Premium-yň abunasynyň bahasyny ýokarlandyrýar

Google kompaniýasy YouTube Premium abunasynyň bahasynyň nobatdaky gezek gymmatladylýandygyny yglan etdi. Bu üýtgeşmeler täze ulanyjylar üçin eýýäm güýje girdi. Aýlyk tölegler 2 dollar möçberinde ýokarlandy. Bu......