BMW X7 krossoweriniň iki seýrek görnüşini görkezdi: olar diňe internet arkaly satylar

  • 12.03.2026 15:07
  • 2.7k+

BMW Korea kompaniýasy flagman X7 krossoweriniň iki sany çäkli neşir görnüşiniň çykarylandygyny yglan etdi. Satuwlar diňe BMW Shop Online arkaly amala aşyrylar we söwda 10-njy martda başlanar.

Birinji wersiýasy - BMW X7 M60i xDrive M Sport Pro Marina Bay Blue Edition. Awtoulag  M Marina Bay Blue Metallic reňkine boýalan. Ol BMW Kidney Iconic Glow yşyklandyryşly gara radiator gözenegini we garaňky elementli uýgunlaşýan LED faralary aldy.

Awtoulag 22 dýuýmlyk tekerler we uglerod süýümli aýna korpuslary bilen üpjün edilen.

Salon Tartufo reňkli BMW Individual Merino derisi, uglerod süýümli bezeg bilen üpjün edilen. Enjamlaryna Sky Lounge panoramaly üçegi, Bowers & Wilkins Diamond ses ulgamy we bäş režimli howa gözegçiligi girýär. Krossowerde ýedi oturgyç bar.

Kapotyň aşagynda 530 at güýjüni öndürýän V8 M TwinPower Turbo benzinli hereketlendirijisi ýerleşýär. Sagatda 100 km tizlige 4,7 sekuntda çykýar. Şeýle awtoulaglaryň ýedisini öndürmek meýilleşdirilýär.

Ikinji görnüşi - BMW X7 xDrive40d M Sport Pro Dravit Grey Edition. Ol Dravit Grey Metallic reňkinde bolup , şol bir M Sport Pro toplumy bilen üpjün edilen.

Bu modifikasiýa 340 at güýjüne eýe bolan, alty silindrli dizel hereketlendirijisi we 48 woltlyk ýeňil gibrid ulgamy bilen üpjün edilen. Ol sagatda 100 km tizlige 5,9 sekuntda çykýar. Ulagdan diňe 15 sanysy öndüriler.


21.06.2026 09:56
6.2k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....