BYD-niň kaşaň sedany gaýtadan zarýad berilmezden 1000 km-den gowrak ýol geçip bilýär

  • 12.03.2026 10:59
  • 3.2k+

Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi özüniň Yangwang U7 lyuks sedanyny täzeledi. Täzelenmelere Blade batareýalarynyň ikinji nesli we täze Flash Charging has çalt zarýad beriş ulgamy girýär.

Esasy üýtgeşiklik ýöreýiş ätiýaçlygynyň artmagydyr. Öň elektrik wersiýasy CLTC aýlawynda 720 kilometre çenli ýol geçip bilýärdi. Häzir bolsa, aralyk batareýanyň kuwwatyna baglylykda 800 bilen 1006 kilometr aralygynda. Esasy wersiýa 135,5 kWt/sag-lyk batareýa bilen üpjün edilen bolsa, ýokary derejeli wersiýada 150 kWt/sag-lyk batareýa bar.

Täze Flash Charging ulgamy batareýa takmynan 5 minutda 0% -den 70% -e çenli, 9 minutda bolsa, 10% -den 97% -e çenli zarýad bermäge mümkinçilik berýär.

Yangwang U7 güýç gurluşy jemi 1360 at güýjüne çenli kuwwatly dört elektrik hereketlendirijisinden ybarat. Bu konfigurasiýa her bir tigriň çekijiligine doly gözegçiligi üpjün edýär.

Model gibrid görnüşinde hem hödürlenýär. Ol dört elektrik motoryny we 2 litrlik turbirlenen benzinli hereketlendirijini ulanýar. Elektrikli geçýän aralygy 220 kilometre, umumy awtonomlygy bolsa takmynan 1100 kilometre barabar.

Yangwang U7 kaşaň awtoulaglar toparyna degişlidir. Onuň uzynlygy 5,2 metrden gowrak, teker binýady bolsa takmynan 3,16 metrdir. Salona Nappa derisi çekilen, oturgyçlar 20-ä çenli ýagdaýda sazlanyp  bilinýär we 23 dinamikli Dynaudio ses ulgamy bar. Üç lidarly BYD God's Eye toplumy howpsuzlyk we sürüjä kömek ulgamlary üçin jogapkärdir.


16.04.2026 19:09
13k+

BYD zawodynda dörän ýangyn zerarly elektromobiller ýandy

Hyytaýyň Şençžen şäherindäki BYD kompaniýasynyň zawodyna degişli köp gatly awtoduralgada güýçli ýangyn boldy. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, waka sişenbe güni irden ýüze çykdy....

04.04.2026 21:33
4.3k+

Tesla kompaniýasy BYD-dan öňe geçip, elektromobil ibermek boýunça liderligini yzyna gaýtardy

Ilkinji üç aýyň jemleri boýunça Tesla kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyryndan bäri ilkinji gezek Hytaýyň BYD kompaniýasyndan elektromobil üpjünçiliginiň möçberi boýunça öňe geçmegi başardy....

14.03.2026 09:25
4.1k+

Hytaý awtoulaglary ýurduň içindäkä garanyňda, daşary ýurda has köp satylýar

Hytaýyň iri awtoulag öndürijileri daşary ýurt bazarlaryna barha köp üns berip ugradylar. Ýurduň içinde satuwyň ösüşiniň haýallamagy kompaniýalaryň Hytaýdan daşarda täze müşderileri has işjeň gözlemäge mejbur edýär...

11.01.2026 21:26
4.2k+

BYD taksi we korporatiw awtoparklar üçin bazara täze Linghui brendini çykarýar

BYD kompaniýasy diňe korporatiw müşderiler we taksi parklary üçin niýetlenen täze Linghui («Linhueý») brendini işe girizýär. Brendiň ilkinji modelleri barada maglumatlar Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň bazasynda hödürlendi...