Insaýder geljekki Xiaomi 18 Ultra flagman smartfony hakda ilkinji maglumatlary paýlaşdy

  • 11.03.2026 19:54
  • 2.8k+

«Smart Pikachu» lakamly meşhur insaýder geljekki flagman smartfony bolan Xiaomi 18 Ultra barada ilkinji maglumatlary paýlaşdy. Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa bu täze enjamy şu ýylyň ahyrynda, takmynan dekabr aýynda Hytaýda tanyşdyrmagy meýilleşdirýär.

Geçen gezekki Xiaomi 17 Ultra modeli tanyşdyrylanda hem edil şeýle wagt tertibi ulanylypdy. Ondan öňki «Ultra» seriýalary bolsa, adatça ýylyň başynda satuwa çykarylýardy.

Bu modelde iň uly täzelikleriň biri kamera ulgamynda bolar diýlip garaşylýar. Çeşmeden çen tutsaň, Xiaomi häzirki wagtda dört kameradan ybarat bolan ulgamy synagdan geçirýär. Ýadyňyzda bolsa, Xiaomi 17 Ultra modelinde kompaniýa adaty dört kameraly gurluşdan dänip, mehaniki zumly üýtgeşik ulgamy ulanypdy.

Eger täze maglumatlar tassyklansa, Xiaomi 18 Ultra-da ýene-de goşmaça modulyň peýda bolmagy mümkin we bu surata düşürme aralygyny has-da giňelder. Smartfonyň tehniki häsiýetnamalarynyň arasynda 200 megapiksellik periskop moduly we 50 megapiksellik ultra giň burçly kamera aýratyn agzalýar. Mundan başga-da, enjamyň täze nesil Snapdragon çipi we has uly göwrümli akkumulýator bilen üpjün edilmegine garaşylýar.

«Smart Pikachu» öň hem Xiaomi 13 Ultra smartfony we Xiaomi Pad 6 planşeti barada takyk maglumatlary berip, özüni ygtybarly çeşme hökmünde tanatmagy başarypdy. Täze model barada has takyk maglumatlaryň ýakyn aýlarda peýda bolmagyna garaşylýar.


24.05.2026 06:47
3.5k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

16.05.2026 16:22
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny anons etdi

Xiaomi kompaniýasy açyk görnüşli ilkinji simsiz klipsa gulaklyklary bolan «Open-Ear Clip-on» modelini tanyşdyrdy. Anons kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbin tarapyndan edildi, ýöne häzirlikçe bu barada giňişleýin......

06.04.2026 21:45
5k+

16 ýyllyk üstünlik: bu gün Xiaomi doglan gününi belleýär

Mundan 16 ýyl ozal, 2010-njy ýylyň 6-njy aprelinde Pekinde düýbi tutulan Xiaomi kompaniýasy häzirki wagtda dünýäniň tehnologiýa ägirtleriniň birine öwrüldi. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szyun bu şanly sene......