BMW 631 at güýji bolan eksklýuziw Alpina XB7 Manufaktur krossowerini tanyşdyrdy

  • 11.03.2026 12:04
  • 3.1k+

BMW kompaniýasy Alpina brendiniň bawariýaly awtoöndürijisiniň düzümine doly goşulyşmagyndan soňky ilkinji model bolan BMW Alpina XB7 Manufaktur krossowerini görkezdi. Bu awtoulag çäkli seriýada — jemi 120 nusgada öndüriler.

Awtoulagyň kuzowy üçin iki sany eksklýuziw mat reňki — Frozen Alpina Green we Frozen Alpina Blue hödürlenilýär. Şeýle-de, ulag 23 dýuýmlyk ýeňil splawly diskler we ýörite bezeg elementleri bilen enjamlaşdyrylan.

Salon premium derejeli Merino derisi we tebigy gara hoz agajy bilen bezelipdir. Ikinji hataryň ýolagçylary üçin aýratyn ýokary amatlykly oturgyçlar göz öňünde tutulan. Awtoulag bilen bilelikde el işi bolan ýol sumkasy hem berilýär.

Kapotyň aşagynda goşa turbonadduwly we "ýumşak" gibrid ulgamly 4,4 litrlik V8 hereketlendiriji ýerleşdirilipdir. Güýç beriji gurluş 631 at güýjüni we 800 Nm aýlaw pursadyny öndürýär. Netijede krossower 0-dan 96 km/s tizlige bary-ýogy 3,9 sekuntda çykýar.


21.06.2026 09:56
6.2k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....