Hytaýly inženerler dünýäde bambukdan ýasalan ilkinji drony asmana uçurdylar

  • 06.03.2026 16:51
  • 6k+

Hytaýly inženerler gurluşygynyň ep-esli bölegi (25%-den gowragy) bambuk esasly kompozit materiallardan ybarat bolan täze uçarmansyz uçary döretdiler. Bu täsin enjamyň ilkinji synag uçuşy 2026-njy ýylyň başynda Týanszin şäherinde üstünlikli amala aşyryldy. Taslama Halkara bambuk we rotang merkezi, Pekin awiasiýa uniwersitetiniň Ningbo tehnologiýalar instituty hem-de Long Bamboo Technology Group kompaniýasy tarapyndan bilelikde durmuşa geçirildi.

Tehniki häsiýetnamalary boýunça bu uçar dikligine uçup-gonmaga ukyply we aýlanýan perli dronlaryň görnüşine degişlidir. Onuň ganatlarynyň gerimi 2,5 metrden geçýär, agramy bolsa takmynan 7 kilograma barabardyr. Sagatda 100 kilometrden gowrak tizlik bilen uçýan dron bir sagatdanam köp wagtlap asmanda saklanyp bilýär. Şeýle görkezijiler enjamy dürli ýerlere gözegçilik etmek, ýük daşamak we barlag işlerini geçirmek üçin ulanmaga mümkinçilik berýär.

Işläp düzüjileriň bellemegine görä, bambuk kompozitleriniň ulanylmagy önümçilik çykdajylaryny ep-esli azaltmaga kömek edýär. Maglumatlara görä, bu materialyň uglerod süýüminden takmynan dört esse arzan düşmegi gurluşyň umumy bahasyny 20%-den hem gowrak azaldýar. Mundan başga-da, uçar özüniň berkligini saklamak bilen, uglerod plastiginden ýasalan meňzeş modellerden 20% töweregi ýeňil boldy.

Gözlegçi hünärmenler geljekde bambuk kompozitlerini diňe bir dronlarda däl, eýsem elektrik ulaglarynda, deňiz enjamlarynda we hatda, emeli hemralarda hem ulanmagy meýilleşdirýärler.


düýn 23:52
4.5k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.8k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......