Amanmuhammet Hommadow ilkinji gezek küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

  • 06.03.2026 16:29
  • 5.7k+

Aşgabatda tamamlanan küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 19 ýaşly FIDE ussady Amanmuhammet Hommadow ýeňiji boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby ilkinji gezek açyk kategoriýada birinjiligi eýelemegi başardy. Ol ýokary liganyň ýaryşynda 14 döwde 11 utuk toplady.

Iň güýçli sekiz küştçiniň gatnaşmagynda geçen on günlük ýaryşyň dowamynda Hommadow netijeli oýun görkezdi. Bu bolsa oňa geçen ýylyň çempiony, kümüş baýragyň eýesi Wepaly Halynyýazowdan 1,5 utuk öňe saýlanmaga mümkinçilik berdi.

Geçen ýyl Amanmuhammet Hommadow Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan esaslandyrylan ilkinji Gran-pri tapgyrynyň ýaryşynda ynamly ýeňiş gazanypdy.

Bürünç medala bolsa eýýäm yzygider ikinji ýyl zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew (8,5 utuk) mynasyp boldy. Ol goşmaça görkezijiler boýunça Lebap welaýatyndan gelen zehinli mekdep okuwçysy Ilhan Çaryýewden öňe geçmegi başardy.

Ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Ahmet Gubataýew hem 7,5 utuk bilen gowy netije görkezdi.

Ýokary liganyň netijeleri boýunça 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Samarkantda (Özbegistan) geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşjak milli ýygyndy toparlaryň düzümi belli boldy. Erkekleriň ýygyndysyna şu çempionatyň baýrakçylary — A.Hommadow, W.Halynyýazow we Ş.Turaýew, şeýle hem halkara grossmeýsterler Saparmyrat Atabaýew we Meýlis Annaberdiýew girdi. Zenanlar ýygyndysyna bolsa ýylyň esasy toparlaýyn ýaryşynda Läle Şöhradowa, Jahan Rejepowa, Mähri Agamyradowa, Ogulsuraý Baýrambaýewa we Leýla Şöhradowa wekilçilik eder.


03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......