«Ýylyň bütindünýä awtoulagy» bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi

  • 05.03.2026 20:55
  • 6.9k+

«Ýylyň bütindünýä awtoulagy» (World Car of the Year) bäsleşiginiň emin agzalary her kategoriýa boýunça finala çykan modelleri mälim etdiler. Birnäçe ugurda ýeňiş gazanmaga esasanam BMW we Hyundai markalarynyň awtoulaglary dalaş edýärler. Ýeňijileriň ählisi 1-nji aprelde Nýu-Ýorkda geçiriljek halkara awtosalonyň dowamynda yglan ediler.

Bäsleşigiň iň esasy baýragyna mynasyp bolmak ugrunda BMW iX3, Hyundai Palisade we Nissan Leaf modelleri bäsleşýärler.

  • «Ýylyň elektromobili» kategoriýasynda bolsa BMW iX3, Mercedes-Benz CLA we Nissan Leaf modelleri finala çykmagy başardylar.
  • Iň oňat premium awtoulagy adyna dalaş edýänleriň hatarynda Cadillac Vistiq, Lucid Gravity we Volvo ES90 ýaly kaşaň modeller bar.
  • Sport awtoulaglarynyň arasynda BMW M2 CS, Chevrolet Corvette E-Ray we Hyundai Ioniq 6 N öňe saýlandy.
  • Şäher modelleriniň finalynda bolsa Baojun Yep Plus/Chevrolet Spark EUV, Firefly we Hyundai Venue ýaly ulaglar bäsleşer.
  • «Iň oňat dizaýn» ugrundaky baýrak üçin bolsa Kia PV5, Mazda 6e/EZ-6 we Volvo ES90 modelleri özara güýç synanyşarlar.

Ýatladyp geçsek, ýanwar aýynda «Demirgazyk Amerikada ýylyň awtoulagy» bäsleşiginiň hem netijeleri jemlenipdi. Şonda Dodge Charger kupesi ýylyň ýeňil awtoulagy diýlip yglan edildi. Pikaplaryň arasynda Ford Maverick modeliniň Lobo wersiýasy iň gowusy diýlip ykrar edilen bolsa, krossowerleriň we wnedorožnikleriň kategoriýasynda Hyundai Palisade ýeňiş gazanmagy başardy.


düýn 12:20
2.8k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......