Indi iPhone we Android smartfonlaryny Galaxy S26-a öwrüp bolýar

  • 04.03.2026 00:14
  • 4.5k+

Samsung dükanlara baryp görmezden, täze flagman seriýasy Galaxy S26 bilen tanyşmagyň özboluşly usulyny hödürledi. Resmi tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün geçensoň, täzelenen Try Galaxy web-hyzmaty işe girizildi. Bu hyzmat islendik döwrebap smartfonda — hem Android, hem iPhone ulgamlarynda Galaxy S26 Ultra-ny synap görmäge mümkinçilik berýär.

Munuň üçin ulanyjy mobil brauzer arkaly hyzmatyň saýtyny açyp, Try Galaxy belgisini esasy ekrana goşmaly. Programma işledilenden soň, telefonyň interfeýsi üýtgeýär we Samsung-yň özboluşly One UI 8.5 gabygynyň (ulanyjy interfeýsiniň) işleýşini görkezýär.

Simulýatorda işçi ekranlaryny görüp, sazlama menýusyny açyp, bildirişler panelini, çalt buýruklary we goşundylar sanawyny gözden geçirip bolýar.

Bu hyzmat 2026-njy ýylyň modeliniň esasy mümkinçiliklerini görkezmek üçin niýetlenendir. Mundan başga-da ulanyjylar interaktiw görnüşde terjime we redaktirleme üçin niýetlenen Galaxy AI funksiýalary bilen tanşyp, şeýle hem ekrany keseki gözlerden goramak tehnologiýasy bolan Privacy Display-iň işine baha berip bilerler.

 


23.05.2026 10:37
4.4k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

18.05.2026 01:22
2.7k+

Samsung kompaniýasynyň täzeligi: geljekki smartfonlar gologrammalary äýneksiz görkezip bilerler

Samsung smartfonlar üçin golografik displeý tehnologiýasy boýunça içerki barlaglary geçirýär, bu tehnologiýa ulanyjylara ýörite äýnekleri ulanmazdan, üç ölçegli suratlary görmäge mümkinçilik berer....

15.05.2026 15:33
1.6k+

Samsung smartfonlarynda push-mahabatlary akylly usulda bloklaýan ulgam ornaşdyryldy

Samsung kompaniýasy Device Care goşundysyny täzeledi we oňa push-bildirişlerindäki spam hem-de mahabatlar bilen awtomatiki göreşmek üçin niýetlenen "Intelligent Blocking" funksiýasyny goşdy....