Lenovo-nyň täze oýun planşetini iş noutbugyna hem öwrüp bolýar

  • 04.03.2026 09:30
  • 1.3k+

Lenovo kompaniýasy Barselonada geçirilýän Mobile World Congress (MWC) sergisinde özüniň täze taslama enjamyny — Legion Go Fold modelini görkezdi. Bu Windows ulgamynda işleýän, OLED ekranly we aýrylyp-dakylýan dolandyryjyly oýun planşetidir.

Enjam çeýe ekran bilen üpjün edilen. Eplenen ýagdaýynda onuň ekranynyň ölçegi 7,7 dýuým, açyk ýagdaýynda bolsa 16:10 gatnaşykly 11,6 dýuýma deňdir. Ekrany epläp we dikligine öwrüp, bir wagtyň özünde hem oýun oýnamak, hem-de göni ýaýlym ýa-da oýnuň geçişini görmek üçin iki sany aýry displeý hökmünde ulanyp bolýar.

Dolandyryjy (kontroller) planşete ýörite berkidijiler arkaly dakylýar. Aýry bir esbap arkaly olary birleşdirip, simsiz geýmpad ýasap bolýar. Sag tarapdaky kontrolleri dik syçan hökmünde ulanmak hem mümkin. Onuň üstünde prosessoryň agramlylygyny we wagty görkezýän tegelek ekran ýerleşdirilen, şeýle hem ol trekpad (syçanyň wezipesini ýerine ýetirýän meýdança) hökmünde-de işleýär. Enjamyň dolandyryjy bilen bilelikdäki umumy agramy 868 gramdyr.

Toplumyň içine planşeti ykjam noutbuga öwürýän direg-daşlyk we aýrylýan Bluetooth-klawiaturasy girýär. Görkezilen nusga Intel Core Ultra 7 258V prosessory, 32 GB operatiw ýady we 1 TB SSD saklaýjysy bilen üpjün edilendir.

Täze önümiň satuwa çykaryljak wagty entek mäilm edilmese-de, bahasy 1000 ABŞ dollaryndan ýokary bolar diýlip çaklanylýar. 


14.04.2026 16:42
2.9k+

iPhone bejermek üçin iň ýaramsyz smartfon diýlip ykrar edildi

Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we jemgyýetiň bähbitlerini öňe sürmek bilen meşgullanýan amerikan täjirçilik däl guramalarynyň federasiýasy U.S. PIRG bejerilmesi kyn smartfonlar baradaky «Failing the Fix»......

01.03.2026 13:58
2.2k+

Lenovo äýneksiz görmäge niýetlenen 3D-displeýli, goşa ekranly noutbugy döretdi

Lenovo kompaniýasy 2026-njy ýylyň martyň başynda Barselonada geçiriljek «Mobile World Congress» (MWC) sergisinde Yoga Book Pro 3D konseptual noutbugyny görkezer. Enjam baradaky maglumat 28-nji fewralda X platformasyndaky Evleaks insaýderi tarapyndan çap edildi...

şu gün 00:17
600

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
867

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....