Lenovo äýneksiz görmäge niýetlenen 3D-displeýli, goşa ekranly noutbugy döretdi

  • 01.03.2026 13:58
  • 2.2k+

Lenovo kompaniýasy 2026-njy ýylyň martyň başynda Barselonada geçiriljek «Mobile World Congress» (MWC) sergisinde Yoga Book Pro 3D konseptual noutbugyny görkezer. Enjam baradaky maglumat 28-nji fewralda X platformasyndaky Evleaks insaýderi tarapyndan çap edildi.

Öndüriji önümiň satuwa çykarylyp biljekdigini çaklaýar.

Enjam her göz üçin biri-birinden az-kem tapawutlanýan iki sany şekili taslaýan displeýli stereoskopiýa şekillendiriş tehnologiýasyna esaslanýar.  Bu usul emeli aň algoritmleriniň kömegi bilen ýörite äýnekleri ulanmazdan çuň görüp bilmek duýgusyny döredýär. Noutbugyň esasy hyrydarlarynyň arhitektorlar, dizaýnerler, hem-de üç ölçegli modeller we wizualizasiýa bilen işleýän beýleki hünärmenler bolar diýip, göz öňünde tutulýar.

Gurluşy boýunça Yoga Book Pro 3D adaty noutbuga meňzeýär. Açylanda korpusyň aşaky ýarymy adaty klawiaturanyň deregine ikinji sensor ekrany bolup gidýär. Şoňa görä, tekst ýazmak üçin aýratyn Bluetooth-klawiatura gerek bolýar. Enjam ekranyň gyşarma burçuny sazlamaga mümkinçilik berýän gurlan direg bilen üpjün edilendir.

Önümde esasy tehniki çäklendirme programma üpjünçiligi bilen utgaşyklylyk bolup galýar. Häzirki zaman programmalaryň we oýunlaryň köpüsi tebigy 3D-şekillendirişi üçin uýgunlaşdyrylmadyk, bu bolsa şekiliň hilini peseldýär. Şekiliň kesilip düşmek täsirini aradan aýryp bilýän göz yzarlama (eye tracking) tehnologiýasy enjamda resmi taýdan tassyklanmady.


09.06.2026 23:04
2.7k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......