Xiaomi Leica Leitzphone-yň global görnüşi MWC 2026 sergisinde görkezildi

  • 03.03.2026 15:54
  • 2.5k+

Barselonada geçirilýän MWC 2026 sergisinde Xiaomi kompaniýasy Xiaomi 17 Ultra Leica Edition smartfonynyň halkara bazary üçin niýetlenen we Leica Leitzphone diýlip atlandyrylan görnüşini tanyşdyrdy. IT Home neşiriniň žurnalistleri enjamy iş ýüzünde synap gördüler we onuň dizaýnyny ähli tarapyndan görkezdiler.

Model Hytaý bazary üçin niýetlenen görnüşinden daşky bezegi bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir görnüşde — iki reňkli dizaýnsyz, doly gara mat reňkli arka paneli bilen hödürlenýär.

Leica logotipi dikligine ýerleşdirilipdir, kameralar blogundaky obýektiwleriň ýazgylary hem şol ugurda ýerine ýetirilipdir. Korpusyň gapdal çarçuwasy "şampan altyny" reňkine boýalypdyr we esasy zoom-obýektiwiň gyrasy bilen utgaşýar. Korpusyň gyrasynda bolsa Leica Camera Germany diýen ýazgy bar.

Ekran: 6,9 dýuýmlyk AMOLED, durulygy 2608 × 1200 piksel, 120 Gs uýgunlaşýan täzelenme ýygylygy we 3500 nit ýokary ýagtylygy.

Programma üpjünçiligi Leica-nyň şahsy şrifti ulanylyp, ak-gara minimalistik stilde taýýarlanypdyr.

Kamera programmasynda Leica-nyň meşhur M9 we M3 modellerinden ylham alnan filtrleri öz içine alýan Leica Moment režimi bar.

Mundan ozal Xiaomi-niň prezidenti Lu Weýbing Hytaýda Xiaomi 17 Ultra Leica Edition-yň täze görnüşini tanyşdyrypdy, ol daşky görnüşi boýunça Leica Leitzphone bilen doly meňzeşdir.


24.05.2026 06:47
3.5k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

16.05.2026 16:22
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny anons etdi

Xiaomi kompaniýasy açyk görnüşli ilkinji simsiz klipsa gulaklyklary bolan «Open-Ear Clip-on» modelini tanyşdyrdy. Anons kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbin tarapyndan edildi, ýöne häzirlikçe bu barada giňişleýin......

06.04.2026 21:45
5k+

16 ýyllyk üstünlik: bu gün Xiaomi doglan gününi belleýär

Mundan 16 ýyl ozal, 2010-njy ýylyň 6-njy aprelinde Pekinde düýbi tutulan Xiaomi kompaniýasy häzirki wagtda dünýäniň tehnologiýa ägirtleriniň birine öwrüldi. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szyun bu şanly sene......