Hytaýda tüwini robotlar üçin «akylly» serişde hökmünde ulanmak isleýärler

  • 03.03.2026 14:41
  • 2.4k+

Birmingem uniwersitetiniň hünärmenleri adaty şaly däneleriniň ýüküň tizliginden täsirlenip, «akylly» serişde ýaly hereket edip biljekdigini görkezdiler. Barlag Matter žurnalynda çap edildi.

Gowşak basyşda şaly däneleri owranmaýar we durkuny saklaýar. Güýçli basyşda olar ýumşaýar we däneleriň arasyndaky sürtülmäniň peselmegi netijesinde içki baglanyşyklar gowşaýar. Bu häsiýet şalyny diňe iýmitde däl, eýsem inženerçilikde hem ulanmaga mümkinçilik berýär.

«Tüwi tutuş dünýäde iýmit önümi hökmünde belli bolsa-da, onuň ösen inženerçilik işläp düzmeleri bilen baglanyşdyrylyşy seýrekdir. Barlagymyz onuň funksional materiallaryň täze topary üçin esasa öwrülip biljekdigini görkezýär» diýip, doktor Minçao Lýu aýdýar.

Şalyny çäge ýaly beýleki däneli maddalar bilen utgaşdyryp, alymlar haýal täsirde çeýeligini saklaýan we ýiti täsirde gataýan kompozitleri döredýärler. Şeýle materiallar datçikleri ýa-da elektronikany talap etmeýär. «Biz gurluşa nähili täsirlenmelidigini görkezmegiň deregine, ony fizika özbaşdak çözmäge mümkinçilik berýäris. Şunda çalt agram bir hili hereketi, haýal agram bolsa başga hili hereketi döredýär» diýip, Lýu düşündirýär.

Çeýe robototehnikada we gorag enjamlarynda şeýle kompozitleri ulanmagyň geljegi uludyr. Bu usulyň esasynda robotlar has ygtybarly we ýeňil bolup biler, şlemler we gursakçalar bolsa urgulary awtomat usulda siňdirer. Adaty däneli maddalar çylşyrymly elektronikasyz agrama täsir görkezýän intellektual ulgamara öwrülýär. Bu bolsa olary has arzan we elýeterli edýär.


03.06.2026 10:42
1k+

Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar....

24.05.2026 06:47
3.5k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

21.05.2026 12:26
7k+

Apple duýdansyz ýagdaýda Hytaýda iPhone 17 Pro-nyň bahalaryny döwdi: arzanladyşlar baryp 300 dollara ýetýär

Apple kompaniýasy Hytaýda iPhone 17 seriýasynyň bahalaryny aşakladyp başlady. 15-nji maýdan başlap, iPhone 17 Pro-nyň bahasy 1000 ýuan (147 dollar) arzanlady, trade-in maksatnamalaryny we goşmaça subsidiýalary......