Mercedes ulagda çaýkanma keseliniň öňüni alýan ulgamy patentledi

  • 02.03.2026 21:52
  • 3.4k+

Mercedes-Benz awtoulaglardaky çaýkanmanyň derejesini peseltmek üçin niýetlenen ulgamy patentledi. Bu tehnologiýada işjeň podweska ýa-da wibrokompensasiýa ýaly çylşyrymly tehniki çözgütlere derek, kompaniýa ýelejiretme ulgamyny we içki LED yşyklandyryşy ulanýar.

Çaýkanma keseli ýa-da kinetoz, göreçden we westibulýar apparatdan gelýän signallaryň gabat gelmeýän mahaly ýüze çykýar. Mysal üçin, hereket edýän awtoulagda okaýan wagtyňyz gözler hereketsiz obýekte seredýär, emma içki gulak hereketi duýýar. Adamlaryň 5% -ine çenlisi açyk bildirýän çaýkanma keselinden ejir çekýär.

Patente görä, Mercedes-iň ulgamy ulagyň hereketine baglylykda howa akymynyň intensiwligini we ugruny üýtgedip bilýär. Akym tizlik artdyrylanda güýçlenýär we tormoz tutulanda gowşaýar. Şeýle-de garşydan gelýän ýeliň täsirini döredýän pulsirleýji režimleriň hem ulanylmagy ähtimal. Bu bolsa ýolagçynyň hereketi has gowy duýmagyna kömek edýär.

Mundan başga-da, LED yşyklandyryşyny: tormoz tutulan wagtynda reňk üýtgemelerini, öwrülme signallaryny we beýleki wizual alamatlary ulanmak göz öňünde tutulýar. Ulgamyň işlemegi üçin salonyň ýelejirediş we yşyklandyryş ýaly öňden bar bolan bölekleri ulanylýar.


düýn 12:20
2.8k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....