Xiaomi 17 we Xiaomi 17 Ultra kiçi batareýa we ýokary baha bilen dünýä bazaryna çykdy

  • 02.03.2026 21:39
  • 2.8k+

MWC 2026 tehnologiýa sergisinde Xiaomi kompaniýasy özüniň täze flagmanlarynyň — Xiaomi 17 we kämilleşdirilen 17 Ultra modelleriniň global wersiýalaryny resmi taýdan tanyşdyrdy.
Hytaýda çykan smartfonlaryň esasy häsiýetnamalary saklanyp galsa-da, halkara wersiýalarynyň batareýa göwrümi birneme kiçeldildi we bahalary ep-esli ýokarlandyryldy. Belläp geçmeli zat, yzky panelinde goşmaça ekrany bolan eksperimental Pro modelleri diňe Hytaýyň içerki bazary üçin elýeterli bolar.
Tanyşdyrylyşyň esasy smartfony uly we tegelek kamera blogy bilen tapawutlanýan Xiaomi 17 Ultra boldy. Smartfon öňdebaryjy sensorlar ulgamy bilen enjamlaşdyryldy:

  • 200 MP teleobýektiw (üýtgeýän fokus aralygy 75–100 mm).
  • 50 MP esasy modul (bir dýuymlyk Light Fusion 1050L sensory).
  • 50 MP ultra giňburçly kamera we 50 MP frontal kamera.

Ultra wersiýasynyň tehniki aýratynlyklary:

  • Ekran: 6,9 dýuymlyk LTPO OLED (ýagtylygy 3500 nite çenli), Shield Glass 3.0 gorag aýnasy.
  • Prosessor: güýçli sowadyş ulgamy bilen Snapdragon 8 Elite Gen 5.
  • Ýat: 16/512 GB we 16 GB/1 TB.
  • Akkumulýator: 6000 mAs batareýa (Hytaýda 6800 mAs), 90 Wt simli we 50 Wt simsiz zarýady, 22,5 Wt ters zarýady goldaýar.

Xiaomi surata düşürmegi halaýanlar üçin smartfony doly derejeli kamera öwürýän, fiziki dolandyryş düwmeleri we goşmaça batareýasy bolan Photography Kit we Kit Pro toplumyny hem hödürleýär.


Xiaomi 17 modeli hem iň täze Snapdragon 8 Elite Gen 5 çibi esasynda işleýär, emma ol has ykjam görnüşde — 6,3 dýuymlyk CrystalRes displeýi bilen çykaryldy. Geň galdyryjy tarapy, bu modeliň batareýa göwrümi Ultra-dan uly bolup, 6330 mAs (Hytaýda 7000 mAs) barabardyr, simli zarýad beriş 100 Wt ýetýär. Kameralary Light Fusion 950 esasy sensoryny, teleobýektiwi, ultra giň moduly, frontal kamerany öz içine alýar (hemmesi 50 MP).
Modelleriň ikisi-de IP68 standarty boýunça suwdan goralan bolup, Wi-Fi 7 we Bluetooth 6.0 tehnologiýalaryny goldaýar. Smartfonlar emeli aň bilen utgaşdyrylan HyperOS 3 (HyperAI) ulgamynda işleýär.
Bahalar:

  • Xiaomi 17 — €999-dan başlaýar.
  • Xiaomi 17 Ultra — €1499-dan başlaýar.

13.03.2026 18:43
1.5k+

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi brendi bilen soňky birnäçe ýylda ilkinji noutbugyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy täze Xiaomi Book Pro 14 modeliniň tizer suratlaryny hödürledi. Bu kompaniýanyň 2023-nji ýylyň ahyrynda Xiaomi Book 14 modeli çykany bäri Xiaomi brendli ilkinji noutbugy boldy. Täze önüm ýakynda Hytaýda tanyşdyrylar...

11.03.2026 19:54
2.7k+

Insaýder geljekki Xiaomi 18 Ultra flagman smartfony hakda ilkinji maglumatlary paýlaşdy

«Smart Pikachu» lakamly meşhur insaýder geljekki flagman smartfony bolan Xiaomi 18 Ultra barada ilkinji maglumatlary paýlaşdy. Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa bu täze enjamy şu ýylyň ahyrynda, takmynan dekabr aýynda Hytaýda tanyşdyrmagy meýilleşdirýär...

04.03.2026 10:55
1.5k+

Xiaomi dakylýan elektron enjamlar bazarynyň lideri boldy

Omdia seljeriş kompaniýasynyň habaryna görä, geçen ýylyň netijeleri boýunça Xiaomi kompaniýasy satuwyň 18%-ini eýeläp, dakylýan elektronika bazarynyň lideri boldy. Bu sanawda Amerikanyň tehnologiýa läheňi Apple 17% bilen ikinji, Hytaýyň Huawei kompaniýasy bolsa 16% bilen üçünji orny eýeledi...

03.03.2026 15:54
2.4k+

Xiaomi Leica Leitzphone-yň global görnüşi MWC 2026 sergisinde görkezildi

Barselonada geçirilýän MWC 2026 sergisinde Xiaomi kompaniýasy Xiaomi 17 Ultra Leica Edition smartfonynyň halkara bazary üçin niýetlenen we Leica Leitzphone diýlip atlandyrylan görnüşini tanyşdyrdy. IT Home neşiriniň žurnalistleri enjamy iş ýüzünde synap gördüler we onuň dizaýnyny ähli tarapyndan görkezdiler...