Boýy 16 sm, kuwwaty 120 Wt: Xiaomi yzlygyna zarýad berýän akylly kabel çykardy

  • 27.02.2026 20:48
  • 4.1k+

Xiaomi kompaniýasy yzlygyna zarýad beriş tehnologiýasy üçin niýetlenen, bary-ýogy 1,5 dollardan satylýan gysga we akylly USB-C kabelini hödürledi.

Bu täze önümiň uzynlygy bary-ýogy 16 sm. Ol yzlygyna zarýad berýän wagty iki smartfony birleşdirmek üçin ýörite gysga edildi. Bu ulanyjy üçin hem örän oňaýlydyr.  
Täsin tarapy, şeýle keltejik geçiriji 120 Wt çenli kuwwaty özünde saklaýar. Bu görkeziji häzirki zaman smartfonlarynyň yzlygyna zarýadyň üsti bilen berip biljek güýjünden has ýokary. Ony adaty zarýad beriji bloklar bilen hem arkaýyn ulanyp bolýar.
Kabeliň daşynyň örme mata bilen daşlanmagy onuň çydamlylygyny artdyrýar. Içindäki akylly çip bolsa birikdirilen gurluşy awtomat tanap, oňa iň amatly we howpsuz energiýa akymyny sazlaýar. Bu tehnologiýa batareýanyň gyzmagynyň öňüni alýar we zarýad beriş pursadyny doly gözegçilikde saklaýar.


24.05.2026 06:47
3.4k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.4k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

16.05.2026 16:22
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny anons etdi

Xiaomi kompaniýasy açyk görnüşli ilkinji simsiz klipsa gulaklyklary bolan «Open-Ear Clip-on» modelini tanyşdyrdy. Anons kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbin tarapyndan edildi, ýöne häzirlikçe bu barada giňişleýin......

06.04.2026 21:45
5k+

16 ýyllyk üstünlik: bu gün Xiaomi doglan gününi belleýär

Mundan 16 ýyl ozal, 2010-njy ýylyň 6-njy aprelinde Pekinde düýbi tutulan Xiaomi kompaniýasy häzirki wagtda dünýäniň tehnologiýa ägirtleriniň birine öwrüldi. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szyun bu şanly sene......