Arsen Wenger: FIFA dünýä boýunça 100 sany futbol akademiýasyny açmagy meýilleşdirýär

  • 27.02.2026 11:49
  • 4.8k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) ýaş oýunçylaryň ukyplaryny durmuşa geçirmek üçin 100 ýurtda ýöriteleşdirilen akademiýalary açmagy maksat edinýär. Bu barada FIFA-nyň dünýä futbolyny ösdürmek bölüminiň ýolbaşçysy Arsen Wenger mälim etdi.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda şeýle merkezleriň 60-sy dürli döwletlerde hereket edýär. Bu başlangyjyň esasy wezipesi bütin dünýädäki çagalara bilim almakda deň mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr.

«Biziň maksadymyz — 100 ýurtda 100 sany FIFA akademiýasyny açmak. Soňky 10 ýylyň dowamynda Ýewropadan yza galýan ýurtlaryň mümkinçiliklerini ösdürmek üçin köp işler edildi. Bu ýurtlarda uly ösüş gazanyldy, derejeler kem-kemden deňleşýär we futbolyň bütin dünýäde hili has ýokarlandy» diýip, Arsen Wenger belledi.

Ol bu taslamanyň diňe bir okatmagy däl, eýsem bäsleşikleri gurnamagy hem göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Muňa her ýyl geçirilýän 17 ýaşyna çenli (U17) dünýä çempionaty we 15 ýaşyna çenli çagalar üçin saýlama tapgyrsyz geçiriljek festiwal degişlidir.

«Biz ýurtlaryň içinde işleýäris, zehinleri ýüze çykarýarys, olary okadýarys we ýaryşlarda çykyş etmäge mümkinçilik döredýäris. Häzir her ýyl 17 ýaşa çenlileriň arasynda FIFA Dünýä çempionaty geçirilýär, biz bolsa 15 ýaşyna çenli ýaşlar üçin ähli ýurtlaryň gatnaşmagynda festiwal döretmek isleýäris. Bu ýerde saýlama tapgyrlar bolmaz, çagalara dünýä derejesinde oýnamaga pursat berler, şunda ýaryşa jemi 211 ýurduň hemmesi gatnaşar» diýip, Wenger sözüniň üstüni ýetirdi.


düýn 23:57
662

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
7.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 17:32
7.1k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....