«Ýene bir gezek oýlan!»: Formula-1 täze möwsümiň öňüsyrasynda mahabat wideosyny görkezdi

  • 24.02.2026 17:27
  • 2.6k+

Formula-1-iň täze möwsümi 6-njy martda Melburndaky ýaryş bilen açylar. Möwsümiň başlangyjy üçin çempionat tarapyndan aktýor Damson Idris we dünýä çempionatynyň ähli 22 pilotynyň gatnaşmagynda «All To Drive For» atly mahabat kampaniýasy başlandy.
Idris geçen ýyl prokatda uly meşhurlyk gazanan «F1» filminde baş rollaryň birini ýerine ýetiripdi. Täze 60 sekuntlyk wideo onuň: «Siz Formula-1-i bilýändirin öýdýärsiňizmi?» diýen soragy bilen başlanýar. Ol janköýerlere «ýene bir gezek oýlanmagy» maslahat berýär. Soňra bolsa oňa häzirki dünýä çempiony Lando Norris goşulýar. «Ähli zat üýtgeýär» diýip, McLaren toparynyň sürüjisi belleýär. Ondan soňra beýleki ýaryşa gatnaşyjylar bu pikiri dowam etdirýärler.
Sanly mahabat kampaniýasyndan başga-da, çempionatyň ýolbaşçylary London, Nýu-Ýork, Los-Anjeles we Melburn şäherlerinde: «Täze awtomobiller, täze güýç, täze toparlar, täze hyjuw — ähli zat ýeňiş üçin» diýen şygarly tagtalary hem ýerleşdirdiler.
Formula-1-iň täjirçilik direktory Emili Prazer: «2026-njy ýylyň möwsümi täze awtomobiller, täze motorlar we dolandyrmagyň düýbünden başga  görnüşi bilen Formula-1 ýaryşlarynyň täze neslini garşylaýar. Bu biziň sportumyzyň taryhyndaky iň uly özgeriş. Şertler deňleşdirilýär we her bir topar iň gowy awtomobili döretmek hem-de iň ýokary netijäni gazanmak ugrunda göreşýär. Kampaniýa köne hem täze janköýerleri her bir aýlawynyň netijesi näbelli bolan we hemme zadyň ýeňiş ugrundaky göreşde çözülýän ýaryşyna gatnaşmaga çagyrýar» diýip, ýaryşyň täzelikleri hakynda joşgunly beýan etdi.


25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.7k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....

24.04.2026 07:19
3.3k+

Inçhon Gran-prisi: Günorta Koreýa Formula-1 ýaryşlaryna 5 km-lik şäher ýaryş ýoly bilen dolanýar

Günorta Koreýa Inçhon şäherinde köçe ýaryşyny guramak arkaly 2028-nji ýylda Formula-1 çempionatynyň senenamasyna dolanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Korea Times» neşiri habar berýär....

04.04.2026 15:00
9.8k+

Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer

Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama......