Indi 10%-den 15%-e: Tramp ähli import üçin gümrük pajyny ýene ýokarlandyrýar

  • 22.02.2026 14:39
  • 7.3k+

Donald Tramp ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň kararyna jogap hökmünde, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna getirilýän ähli harytlar üçin «global pajy» 10%-den 15%-e çenli ýokarlandyrýandygyny mälim etdi. Ýurduň prezidenti bu barada özüniň Truth Social sosial torunda ýazgy galdyrdy.

Tramp geljek aýlarda «Amerikany öňkiden-de beýgeltmek maksady» bilen, administrasiýasynyň täze «kanuny taýdan rugsat berlen tarifleri» kesgitlejekdigini we işe girizjekdigini sözüniň üstüne goşdy.
20-nji fewralda ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti Donald Trampyň dünýäniň köp ýurdundan gelýän harytlara birtaraplaýyn gümrük pajyny girizmek bilen federal kanunçylygy bozanlygy barada karar çykardy. Kazyýetiň pikiriçe, Tramp diňe adatdan daşary ýagdaýlara niýetlenen kanuny ulanmak üçin Kongresden rugsat almalydy.
Bu kararyň yzysüre Tramp ähli import harytlaryna ozal bar bolan paçlaryň üstüne goşmaça 10%-lik täze salgyt girizjekdigini yglan etdi. Indi bolsa bu görkezijini 15%-e çenli galdyrdy.


08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......