Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparyny tamamlap, Germaniýa Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.
Iş maslahatynda 2026-njy ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynda Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçisi B.Rejepow türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi.
Şeýle hem ilçi behişdi bedewlerimizi wagyz etmek hem-de ahalteke atlarymyzyň geçiriljek halkara ýaryşarlaryna gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 11-23-nji awgustynda Germaniýanyň Aahen şäherinde geçiriljek «FEI World Championship 2026» çempionatyna, Niderlandlar Patyşalygynda sentýabr aýynda geçiriljek Ahalteke atlarynyň arasynda gözellik bäsleşigine Fransiýada, Beýk Britaniýada geçiriljek at bilen baglanyşykly çäreleri gatnaşmagy gazanmagyň hem-de olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi hem-de degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.
Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ähli meýilleşdirilen çäreleriň anyk maksatnamalarynyň taýýarlanylmalydygyny, her bir çäräniň döwrebap derejede geçirilmelidigini aýdyp, bu babatda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi we bu ugurda özüniň birnäçe öwüt-nesihatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Türkmenistana ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi.