Perseverance roweri Marsda özbaşdak çelgi almagy öwrendi

  • 22.02.2026 18:03
  • 2.6k+

NASA-nyň Perseverance roweri taryhda ilkinji gezek Gyzyl planetada özüniň takyk çelgisini özbaşdak kesgitlemek mümkinçiligine eýe boldy. 

Öňler rower diňe tigirleriniň aýlanyşyna we töweregiň wizual seljermesine bil baglap, 30 metre ýetýän derejede ýalňyşlyk goýberýärdi. Bu ýagdaý onuň planetanyň nätekiz ýerlerinde hereket etmegini kynlaşdyrýardy.
Indi roweriň bortunda Mars Global Localization ulgamy işleýär. Bu täze algoritm marsohodyň nawigasiýa kameralaryndan alnan panorama suratlary Marsyň orbitasyndan alnan relýef kartalary bilen deňeşdirýär. Ähli hasaplamalar göni roweriň Snapdragon 801 prosessorynda amala aşyrylýar. Takmynan 2 minuda çekýän bu amal koordinatalary 25 sm takyklyk bilen kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Öňler hasaplamadaky ýalňyşlyklary düzetmek üçin Ýerdäki hünärmenler hemranyň suratlaryny marsohodyň panoramalary bilen elde deňeşdirýärdiler. Bu iş käte 1-2 güne çekýärdi we şol aralykda rower ýerinden butnaman durmaly bolýardy. Indi ol has uzyn aralyklary-da özbaşdak geçip bilýär we onuň bökdençliklerden sowmaga niýetlenen AutoNav ulgamy hem öňkä görä has takyk işleýär.
Öňki 264 duralganyň maglumatlarynda barlanylan algoritm 100% takyklyk görkezdi. 2 we 16-njy fewralda bu ulgam ilkinji gezek Marsda, Ýezero krateriniň Mala Mala meýdançasynda iş ýüzünde ulanyldy.
Takyk nawigasiýa we emeli aňyň utgaşykly hereket etmegi roweriň Gyzyl planetany öwrenmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. 


düýn 23:32
511

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......