Mercedes-Benz ýangyn howpy sebäpli eýýäm üçünji gezek EQB elektrik krossowerlerini yzyna çagyrýar

  • 21.02.2026 10:24
  • 3.1k+

Mercedes-Benz kompaniýasy ABŞ-da EQB modelindäki ýokary woltly batareýalaryň ýangyn döretmek ähtimallygy sebäpli, eýýäm üçünji gezek uly yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu çäre 2022–2024-nji ýyllar aralygynda öndürilen 11 895 awtoulaga degişlidir.

Ozalky yzyna çagyryşlarda öndüriji meseläni diňe programma üpjünçiligini täzelemek arkaly çözmäge synanyşypdy. Emma Hytaýyň Farasis Energy kompaniýasy bilen geçirilen goşmaça seljermeler, diňe programma üpjünçiliginiň içerki gysga utgaşma howpuny doly aradan aýryp bilmeýändigini görkezdi.
Indi Mercedes-Benz meselänini düýbünden çözmek üçin başga çäreleri görer. Kompaniýa ähli kemçilikli batareýalary mugt çalşyp bermäge borçlandy. Öň programma üpjünçiligini täzelen awtoulaglaryň 74%-i hem indi batareýa çalşygy üçin serwis merkezlerine gelmeli bolar.
ABŞ-nyň Milli Ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryşy (NHTSA) irki döwürde öndürilen batareýa öýjükleriniň häzirki agramlara we iş şertlerine çydamsyzdygyny belleýär. Bu bolsa ýokary zarýad derejesinde ýangyn howpuny artdyrýar.
Awtoulag eýelerine batareýa doly çalşyrylýança, awtoulagyň zarýadyny 80%-den ýokary geçirmezlik, awtoulaglary ýapyk binalaryň içinde däl-de, daşarda goýmak maslahat berilýär.
Häzirki wagta çenli ABŞ-da bu mesele bilen bagly iki sany ýangyn hadysasy hasaba alyndy. Programma üpjünçiligini täzelän awtoulaglarda heniz beýle ýagdaý ýüze çykmady.
EQB modeliniň önümçiligi eýýäm tamamlandy. Geljekde bu modeliň ornuny EQ tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan täze Mercedes-Benz GLB bolar.


03.06.2026 11:52
7.2k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.4k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......