Google kompaniýasy Chrome brauzeri üçin üç sany täze funksiýany hödürledi

  • 21.02.2026 08:32
  • 1.4k+

Google kompaniýasy Chrome brauzeriniň desktop görnüşiniň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin üç sany täze guralyň goşulýandygyny habar berdi. Olar ekrany bölmek režiminden, PDF faýllaryna bellikleri goşmak we olary göni bulut saklaýjysyna ýüklemek mümkinçiliklerinden ybaratdyr.
Ekrany bölmek guraly bir penjirede bir wagtda iki sany sahypany görkezmäge mümkinçilik berýär. Bu režimi işjeňleşdirmek üçin islendik salgylanmanyň üstüne syçanjygyň sag düwmesi bilen basyp, degişli menýuny ulanmaly. Iki panelli interfeýs panelleriň giňligini sazlamaga we salgy setiriniň çepindäki ýörite nyşan arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu funksiýa wideoaragatnaşyklar, resminamalar ýa-da bellikler bilen bir wagtda işlemek üçin niýetlenendir.


PDF resminamalaryny görmek üçin niýetlenen içerki gurala redaktirleme serişdeleri goşuldy. Indi ulanyjylar tekstiň böleklerini aýratynlandyryp, onuň reňkini üýtgedip we düşündirişleri goşup biler.


Şeýle hem ýokarky panelde faýllary göni «Google Disk» platformasyndaky «Chrome-dan ýatda saklananlar» bukjasyna ýüklemek üçin ýörite düwme peýda bolar.

Täze funksiýalar Chrome 145 wersiýasynyň çykmagy bilen giň ulanyjylar köpçüligine elýeterli bolar.


28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

26.05.2026 19:15
1.5k+

Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada......

23.05.2026 11:13
2.6k+

Nintendo-nyň täze mobil goşundysy suratlary oýunlara öwürmäge mümkinçilik berer

Nintendo kompaniýasy iOS we Android ulanyjylaryna suratlary mini-oýunlara öwürmäge mümkinçilik berýän «Pictonico!» atly goşundysyny çykarar....

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......