Beýik Britaniýanyň taryhynda ilkinji gezek döwlet raýat gullugyna aýal maşgala ýolbaşçy boldy

  • 21.02.2026 09:47
  • 4.2k+

Antoniýa Romeo Beýik Britaniýanyň döwlet raýat gullugynyň ýolbaşçysy we Ministrler Kabinetiniň sekretary wezipesine bellenildi. Hökümet sekretariatynyň ýaýradan beýanatynda bellenilişi ýaly, ol Kris Uormold wezipesinden çekilenden soňra, bu wezipäni eýelän ilkinji aýal maşgala boldy.
Wezipä bellenmek barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer mälim etdi.
Täze ýolbaşçy 500 müň işgäri bolan döwlet apparatynyň işini utgaşdyrar.
«Men hanym Antoniýa Romeony Kabinetiň täze sekretary hökmünde bellemäge şat. Ol britan halkynyň bähbidine 25 ýyllyk iş tejribesi bolan görnükli döwlet gullukçysydyr» – diýip, edaranyň metbugat gullugy Starmeriň sözlerini getirdi.
Bu wezipeden öň, 2025-nji ýylyň aprelinden bäri, Romeo Beýik Britaniýanyň Içeri işler ministrliginiň hemişelik sekretary wezipesini eýeleýärdi. Mundan ozal onuň hünär işi Adalat ministrliginde we Daşary söwda ministrliginde ýolbaşçylyk wezipeleri bilen baglanyşyklydy. Şeýle hem ol Nýu-Ýorkda baş konsul wezipesini ýerine ýetirdi.


14.03.2026 15:33
3.2k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...