Google 2025-nji ýylda müňlerçe işläp düzüjini we millionlarça şübheli goşundyny bloklady

  • 20.02.2026 22:19
  • 1.8k+

2025-nji ýylda Google kompaniýasy giň gerimli arassalaýyş işlerini geçirip, düzgünleri bozan 1,75 milliondan gowrak goşundynyň Play Store-a ýüklenmeginiň öňüni aldy we zyýanly goşundyny ýerleşdirmek islän 80 müňden gowrak işläp düzüjiniň akkauntyny ýok etdi.
Kompaniýanyň wise-prezidenti Wijaý Kazanyň hasabatyna görä, bu işde esasy gural hökmünde emeli aň çykyş etdi. Ol indi gönüden-göni goşundylary barlamak işine ornaşdyryldy we hünärmenlere zyýanly shemalary çalt tapmaga kömek edýär.
Kompaniýa gizlinligi goramak meselesine-de aýratyn üns berdi: geçen ýyl ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryna artykmaç ygtyýarlyk soraýan 255 müňden gowrak goşundy bloklandy. Şeýle hem kompaniýa 160 million spam-baha bermeleri we seslenmeleri, şol sanda galp bäş ýyldyzlary we goşundylaryň reýtinglerini guramaçylykly peseltmek synanyşyklaryny bloklady.
Howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi Android-iň içerki goragyna hem degişli boldy: Google Play Protect ulgamy indi her gün 350 milliardan gowrak goşundyny barlaýar we geçen ýylyň dowamynda resmi dükanyň daşynda elýeterli bolan 27 million zyýanly goşundyny ýüze çykardy.
2025-nji ýylda galplyga garşy kämilleşdirilen gorag 185 bazary we 3 milliarda golaý enjamy gurşap aldy we töwekgelçilikli goşundylary gurnamak boýunça 266 million synanyşygyň öňüni aldy.
Google kezzaplyk maksatly jaňlar bilen göreşmek üçin hem üýtgeşmeleri girizdi. Play Protect indi telefonda gürleşilýän wagty goragy öçürmäge ýol bermeýär. 


28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

26.05.2026 19:15
1.5k+

Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada......

23.05.2026 11:13
2.6k+

Nintendo-nyň täze mobil goşundysy suratlary oýunlara öwürmäge mümkinçilik berer

Nintendo kompaniýasy iOS we Android ulanyjylaryna suratlary mini-oýunlara öwürmäge mümkinçilik berýän «Pictonico!» atly goşundysyny çykarar....

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......