Google I/O 2026 maý aýynda geçiriler: maslahatyň esasy bölegi emeli aň ulgamyna bagyşlanar

  • 19.02.2026 15:36
  • 728

Google kompaniýasy her ýyl geçirilýän işläp düzüjiler üçin Google I/O 2026 maslahatynyň senesini yglan etdi. Çäre 19-njy we 20-nji maýda bolar. Kompaniýa esasy tanyşdyryşlary we maslahatyň bir bölegini, şol sanda esasy täzelikleriň hödürlenýän açylyş dabarasyny onlaýn görnüşde mugt ýaýlyma berer.
Bu çäre esasan işläp düzüjiler üçin niýetlenen hem bolsa, adatça hut I/O maslahatynda Android ulgamyndaky uly üýtgeşmeler we Google hyzmatlarynyň täze funksiýalary ilkinji gezek jemgyýetçilige mälim edilýär. Maksatnamanyň esasy böleginiň emeli aň meselelerine, hususan-da, Gemini-niň mundan beýläkki ösüşine we onuň kompaniýanyň önümlerine ornaşdyrylmagyna bagyşlanar diýlip garaşylýar.
Maslahatyň seneleri, ulanyjylar I/O saýtyndaky interaktiw tapmaçanyň çözgüdini tapanlaryndan soň, eýýäm adaty görnüşde yglan edildi. Bu ýylky tapmaça Gemini ulanylyp döredilen birnäçe mini-oýunlardan ybarat boldy.
Olaryň arasynda mini-golf, Picross stilindäki çäksiz meýdançaly «nonogram» logiki oýny, Word Wheel, mikrofonyň kömegi bilen dolandyrylýan Super Sonicbot we Stretchy Cat bar. Google-yň bellemegine görä, Gemini 3 bu oýunlaryň derejelerini döretmäge, oýun mehanikasyna we çylşyrymlylyk derejesini kadalaşdyrmaga jogap berýär.


28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

26.05.2026 19:15
1.5k+

Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada......

23.05.2026 11:13
2.6k+

Nintendo-nyň täze mobil goşundysy suratlary oýunlara öwürmäge mümkinçilik berer

Nintendo kompaniýasy iOS we Android ulanyjylaryna suratlary mini-oýunlara öwürmäge mümkinçilik berýän «Pictonico!» atly goşundysyny çykarar....

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......