Çempionlar ligasy: «Budýo-Glimt» «Interi» utdy, «Nýukaslyň» hüjümçisi poker etdi

  • 19.02.2026 11:24
  • 5.8k+

Penşenbä geçýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off (utulan çykdy) tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. «Nýukasl» Bakuda uly hasap bilen ýeňiş gazandy, «Baýer» we «Budýo-Glimt» iki gol aratapawudy bilen üstün çykdylar, «Brýugge» bilen «Atletikonyň» duşuşygy bolsa 6 golly oýunda deňme-deňlik bilen tamamlandy.

«Garabag» — «Nýukasl» 1:6
Iňlis kluby myhmançylykda ynamly oýun görkezdi. Duşuşygyň baş gahrymany eýýäm birinji ýarymda poker (bir oýunda 4 gol) eden Entoni Gordon boldy. Arakesmeden soň ýer eýeleri bir gol bilen jogap berdiler, emma Jeýkob Mýorfi tiz wagtda bäş gol aratapawudyny dikeltdi.

«Olimpiakos» — «Baýer» Lewerkuzen 0:2
Myhmanlar gollaryň ikisini hem ikinji ýarymda urdular. Patrik Şik üç minudyň dowamynda iki gezek tapawutlandy.

«Budýo-Glimt» — «Inter» 3:1 
Norwegiýaly topar öz meýdançasynda Çempionlar ligasynyň geçen möwsüminiň finalynda oýnan italýan klubundan üstün çykdy. Ýer eýeleri çalt guralan kombinasiýalar arkaly garşydaşyň goragyny üç gezek böwsüp geçmegi başardy. «Inter» arakesmäniň öňüsyrasynda bir gol bilen jogap berdi, emma oýnuň gidişini üýtgetmegi başarmady.

«Brýugge» — «Atletiko» Madrid 3:3
Bu duşuşykda garşydaşlar tomaşaçylary gol bolçulygy bilen begendirdiler. Myhmanlar oýnuň dowamynda iki gezek öňe saýlansalar-da, belgiýalylar ahyrsoňy 89-njy minutda hasaby deňlemegi başardylar.

Jogap duşuşyklarynyň tertibi

24-nji fewraldan 25-nji fewrala geçýän gije:

  • 22:45 | «Atletiko» — «Brýugge»
  • 01:00 | «Baýer» — «Olimpiakos»
  • 01:00 | «Inter» — «Budýo-Glimt»
  • 01:00 | «Nýukasl» — «Garabag»

25-nji fewraldan 26-njy fewrala geçýän gije:

  • 22:45 | «Atalanta» — «Borussiýa» Dortmund
  • 01:00 | «Ýuwentus» — «Galatasaraý»
  • 01:00 | «Pari Sen-Žermen» — «Monako»
  • 01:00 | «Real» — «Benfika»

şu gün 14:50
2.2k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....

şu gün 10:04
2.9k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

düýn 23:30
5.9k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 14:15
6.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....