Hytaýyň 3D-printeri çylşyrymly jisimleri bir sekunda ýetirmän çap edýär

  • 18.02.2026 23:19
  • 2.7k+

Hytaýyň Sinhua uniwersitetiniň alymlary bary-ýogy 0,6 sekundyň içinde ýokary takyklyk bilen çylşyrymly jisimleri döretmäge mümkinçilik berýän 3D-çap tehnologiýasyny işläp düzdüler. Onuň iň kiçi bölekleri 12 mikrometre ýetýär. Bu bolsa saçyň taryndan hem takmynan bäş esse inçe diýmekdir.

Adaty "gatma-gat" çap etme usulyndan tapawutlykda, täze DISH (Digital Incoherent Synthesis of Holographic light fields) usuly golografik şöhle meýdanlaryny ulanýar. Bu usul desganyň tutuş göwresini fotopolimer şepbiginiň içinde şol bir wagtyň özünde emele getirýär. Bu tizligiň syry — ýokary tizlikli aýlanýan periskopda bolup, ol şöhläni dürli burçlardan ugrukdyrýar we şepbigi aýlamak zerurlygyny aradan aýyrýar.
Tizligi sekuntda 333 kub millimetre, takyklygy 19 mikrometre çenli bolan bu taslama millimetrlik inçe şaýlary sekundyň dörtden bir böleginde çap edip bilýär.
Täze tehnologiýa biomedisinada (dokuma modellerini döretmek), mikrorobototehnikada, çeýe elektronikada hem-de smartfonlaryň kameralarynyň böleklerini öndürmekde täze gözýetimleri açýar. Golografik çap usuly ýokary takyklyklykdaky miniatýur inženerçilik boýunça düşünjeleri düýbünden üýtgedýär.

 


düýn 11:15
1.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 07:37
2.4k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....