Hytaýyň L7 roboty gylyç oýnatmakda ussatlygyň nusgasyny görkezdi

  • 18.02.2026 18:46
  • 4.2k+

Hytaýyň Robotera kompaniýasy Hytaý Täze ýyly — Alawly At ýyly mynasybetli taýýarlan täze wideosyny paýlaşdy. Wideoda L7 atly adampisint robotyň gadymy hytaý gylyç tansyny ussatlyk bilen ýerine ýetirişi görkezilýär.

Sinhua uniwersiteti bilen bilelikde döredilen L7 robotynyň boýy 171 sm, agramy bolsa 65 kg. Onuň göwresi berk we ýeňil bolmagy üçin titan hem-de uglerod süýüminden ýasaldy. Robotyň iň uly aýratynlygy — onuň biri-birine bagly bolmazdan hereket edýän 55 sany bognunyň bolmagydyr.
Robotyň gollary 7, barmaklar 12 (bu oňa gylyjy gaty takyk tutmaga mümkinçilik berýär), bil we ýeňse bölegi 6 sany hereket derejesine eýedir.
Gylyç tansy diňe bir el hereketlerini däl, eýsem böküşleri we ugryny tiz üýtgedip, deňagramlylygy saklamagy hem talap edýär. L7-niň emeli aň ulgamy hakyky wagtda robotyň agram merkezini hasaplap, inersiýany dolandyrýar. Bu bolsa robotyň hatda ýokary tizlikde-de ýykylman, çylşyrymly hereketleri takyk ýerine ýetirmegine ýardam edýär.

 


17.06.2026 08:18
1.6k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

15.06.2026 12:29
1.3k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

03.06.2026 10:42
1k+

Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar....

21.05.2026 09:37
965

Eliň bilen ýasa: Singapurda adampisint roboty ýygnamak üçin ýörite toplum çykaryldy

Singapuryň Menlo Research kompaniýasy açyk kodly adampisint roboty el bilen gurnamak üçin niýetlenen «Asimov» atly täze toplumy tanyşdyrdy. Tehnologik toplumyň bahasy takmynan 15 müň dollara barabar....