17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi.
Bu täsin astronomik hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy onlarça adam, ýagny Antarktidada ýerleşýän russiýaly we awstraliýaly alymlar, ylmy stansiýalaryň agzalary göni ýaýlymda synlamaga mümkinçilik aldy. Ýer ýüzüniň bu yklymyndaky "Mirnyý" stansiýasynda Günüň halkalaýyn tutulma fazasy doly göründi. "Deýwis" stansiýasyndaky alymlar bolsa Aýyň Günüň ýüzüni doly diýen ýaly örtendigini görseler-de, bu nokatda "otly halka" doly emele gelmedi.
Sebitiň örän uzakda ýerleşmegi we görünýän zolagynda adamlaryň gaty azlygy sebäpli, bu hadysa 2026-njy ýylyň iň çetde galan we synlamak üçin iň kyn astronomik wakalarynyň birine öwrüldi.