Bir tarapy az gördüler... TPV dünýäde ilkinji ikitaraplaýyn telewizory tanyşdyrdy

  • 15.02.2026 21:09
  • 3.9k+

TPV Technology Group kompaniýasy iki tarapynda hem ekrany bolan telewizory tanyşdyrdy.
GP TV modelinde 4K durulygy bolan iki sany 48 dýuýmlyk OLED-displeý bar. Gaýtadan işlenen materiallardan ýasalan metal aýakly telewizor Dolby Atmos ses ulgamy bilen üpjün edilen.
TPV-de bu enjamyň bir wagtda birnäçe adamyň tomaşa etmegi, hususan-da geýmerler üçin döredilendigini, şeýle hem döwlet edaralarynda ulanylmaga niýetlenendigini bellediler. Täze önüm barada ýazan žurnalistler onuň konstruksiýanyň hakykatdanam deldigini belleýärler. Sebäbi telewizorlaryň adatça diwara golaý ýa-da stoluň üstünde goýulýandygyny nazara alsaň, arkadaky ekranyň geregi çykman hem biler. Iki tarapyndan hem görülmegi üçin telewizory otagyň ortasynda goýmaly boljak. 
Kompaniýa GP TV-niň önümiň satuwa çykaryljak möhleti we bahasy hakda anyk hiç zat aýtmaýar, emma onuň premium-segmente degişlidigini nygtaýar.


şu gün 11:15
787

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

şu gün 07:37
1.8k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....