12 müň ýyl öňki tikinçiligiň nusgalary Oregon gowagyndan tapyldy

  • şu gün 17:30
  • 781

Arheologlar ABŞ-nyň Oregon ştatyndaky gowakdan çykan tapyndylary gaýtadan barlagdan geçirdiler. Alymlar olaryň arasyndaky ýüp hem-de tikilen sugun derisi — tikinçilik sungatynyň iň gadymy nusgasy diýen netijä geldiler. Artefaktyň ýasalanyna azyndan 12 müň ýyl bolupdyr diýip, Science Advance žurnaly habar berýär.

Bu tapyndy baryp,  1958-nji ýylda ýüze çykarylypdy. Emma oňa takyk derňew geçirmek diňe häzirki zaman usullary bilen mümkin boldy.


Alymlar ösümlik süýümlerinden we haýwanlaryň ýüňlerinden egrilen gadymy ýüpleri, süňkden ýasalan iňňeleri, deri böleklerini we şoňa meňzeş başga-da birnäçe zatlary barladylar. Ylmy makala görä, olaryň ählisi giçki pleýstosen döwrüne degişli. Radiokarbon derňewi deriniň takmynan 12 müň ýyl ozal ulanylandygyny görkezdi.
Barlagçylaryň pikiriçe, şeýle önümler eşik ýa-da ýapynja hökmünde hyzmat edip, adamlary sowukda doňup galmakdan gorapdyr. Şol döwre degişli ýerlerden tapylan köp sanly süňk iňňeleri hem muňa şaýatlyk edýär.
Ylmy işiň awtorlary bu barlagyň irki tehnologik ukyplaryň gadymy adamlaryň aman galmagyna, göçüp-gonmalaryna we medeni ösüşine nähili täsir edendigine has gowy düşünmäge kömek etjekdigini belleýärler.


şu gün 15:37
2.5k+

Müsürde açyk asman astynda 10 müň ýyl bäri işläp duran muzeý tapyldy

Arheologlar Sinaý ýarymadasynyň günortasynda ýüzüne gadymyýetde ýüzüne suratlar çekilen we oýulyp şekiller galdyrylan gaýany tapdylar. Alymlaryň çaklamasyna görä, olaryň iň gadymylary takmynan 10 müň ýyl ozal döredilipdir diýip, Yeni Safak neşiri habar berýär...

düýn 10:34
1.8k+

Daşyň ýüzi söweş meýdany bolupdyr: Emeli aň gadymy Rim oýnunyň düzgünlerini aýan etdi

Alymlar emeli aňyň kömegi bilen Niderlandlaryň Herlen şäherinden tapylan, daşyň ýüzüne oýulyp çekilen gadymy oýnuň düzgünlerini täzeden dikeltmegi başardylar. Geçirilen barlaglar bu oýnuň öň pikir edilişinden birnäçe asyr öň oýnalandygyny subut etdi...

13.02.2026 23:10
6k+

Gury ýerdäki ilkinji ot iýýän jandar: 307 million ýyllyk Tyrannoroter tapyldy

Paleontologlar ösümlikler bilen iýmitlenmegi başaran iň irki oňurgaly jandarlaryň birine degişli 307 million ýyllyk galyndylary ylmy esasda suratlandyrdylar. Bu möhüm gözleg Nature Ecology & Evolution žurnalynda çap edildi...

12.02.2026 14:49
3.5k+

Şotlandiýada meýletinçi arheolog piktleriň müň ýyl ozal ýasan ýüzügini tapdy

Beýik Britaniýanyň demirgazygyndaky gadymy Burghed şäherçesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda meýletinçi piktlere degişli bolan, takmynan müň ýyl ozal ýasalan del ýüzük tapyldy. Bu barada Popular Mechanics neşiri habar berýär...