Kurt Wonnegutyň ýarym asyr öň döreden öňdengörüji romany esasynda film düşüriler

  • şu gün 17:03
  • 373

Kurt Wonnegutyň ilkinji romany bolan «Mehaniki pianino» (Player Piano) esasynda çeper film surata düşüriler. Filmiň režissýory Rid Morano bolar, ssenariýasyny bolsa Metýu Woker ýazar diýip, Deadline neşiri habar berýär.
Roman ilkinji gezek 1952-nji ýylda «Utopiýa 14» ady bilen neşir edilipdi. Eserdäki wakalar alternatiw 1950-nji ýyllarda bolup geçýär we antiutopik dünýäni suratlandyrýar. Onda dünýäde ýola goýulýan awtomatizasiýa adamlary iş ýerlerinden gysyp çykarýar we sosial bölünişige sebäp bolýar. Jemgyýet ikä bölünip, adamlaryň aglabasy robotlar arkaly ýurtlary dolandyrýan menejerler sebäpli işsiz galýarlar. Netijede baş gahryman ýa-ha ýagdaýyň içine siňip, işiňi dowam etdirmeli ýa-da adamzadyň geljeginiň hatyrasyna oňa garşy çykmaly diýen aňsat bolmadyk saýlawyň öňünde galýar.
«Häzirki wagtda ekrana geçirmek üçin mundan has wajyp hem döwrebap kyssa ýok» — diýip, Morano belleýär. Ol Wonnegutyň romanynyň, aýratyn-da emeli aňyň ynsan zähmetiniň gymmaty baradaky düşünjelere has ýiti täsir edýän häzirki şertlerinde örän möhümdigini ýatladýar. 


düýn 19:15
3.5k+

Pitt we Kruz ekranda söweşýär: Emeli aň aktýorsyz ekşn-film düşürmegiň mümkinçiliklerini görkezdi

Joyrider Films-iň amerikaly režissýory Ruairi Robinson Bred Pitt bilen Tom Kruzuň biri-biri bilen söweşýän örän realistik wideosyny tanyşdyrdy. Bu iş ByteDance kompaniýasynyň Seedance 2.0 neýroulgamy arkaly taýýarlanyp, hakyky düşürilişden diýen ýaly tapawutlanmaýar...

düýn 18:16
782

Google indi EA-modellerine Disney gahrymanlarynyň suratlaryny döretdirmeýär

Google-yň emeli aň modelleri Disney gahrymanlary bilen baglanyşykly tabşyryklary ret edip başlady. Üýtgeşmeler dekabr aýynda Disney-iň kompaniýany intellektual eýeçilik hukuklaryny bozmakda aýyplamagyndan soň başlandy...

düýn 10:40
1.3k+

Ertekiler dünýäsine syýahat: "Jadyly agaç bilen ýokary" filminiň ilkinji treýleri çykdy

Entertainment Film Distributors kompaniýasynyň YouTube kanalynda iňlis ýazyjysy Enid Blaýtonyň klassyky eseri esasynda surata düşürilen "The Magic Faraway Tree" («Вверх по волшебному дереву») filminiň resmi treýleri köpçülige hödürlendi...

13.02.2026 14:10
2.1k+

Tahyr Ataýewiň orkestri 26-27-nji fewralda «Mult-konsertini» geçirer

26-27-nji fewralda dirižýor Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr «Mult-konsertini» geçirer. Sazly çäre Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda bolar. Guramaçylar Disney we Pixar studiýalarynyň häzirkizaman meşhur multfilmlerini Netflix-iň meşhur seriallarynyň sazlary bilen utgaşdyrýan täsirli programmany taýýarlady: Tropiki joşgun: «Moana» multfilmdäki adalaryň owazlary...