Igor Tudor möwsümiň ahyryna çenli "Tottenhemiň" baş tälimçisi boldy

  • 14.02.2026 18:52
  • 1.9k+

Londonyň "Tottenhem" futbol kluby horwatiýaly hünärmen Igor Tudoryň baş tälimçi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Bu baradaky habar "şporalaryň" resmi sahypasynda çap edildi.

47 ýaşly hünärmen topary şu möwsümiň ahyryna çenli türgenleşdirer.

"Igor bize anyk maksat bilen goşulýar: netijeleri gowulandyrmak, üstünlik gazanmak we Premýer-liganyň ýaryş jedwelinde ýokary galmak. Onuň wezipesi ýönekeý — möwsümiň iň möhüm tapgyrynda toparda tertip-düzgüni, oýun depginini we bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak" diýlip, klubuň beýanatynda Tudoryň öňünde goýlan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Igor Tudor "Tottenheme" gelmezden öň Ýewropanyň birnäçe öňdebaryjy klublarynda, şol sanda "Ýuwentus", "Lasio", "Marsel" we "Werona" ýaly toparlarda tejribe toplady. Onuň iş usuly durnukly goranmak we agressiw hüjüm taktikasy bilen tanalýar.
Täze tälimçi topary örän çylşyrymly ýagdaýda kabul edip aldy. Iňlis Premýer-ligasynyň 26 tapgyryndan soň, "Tottenhem" bary-ýogy 29 utuk toplap, 16-njy orunda barýar. Tudoryň gelmegi toparyň "howply zolagyndan" daşlaşmagy we möwsümi has ýokary basgançaklarda tamamlamagy üçin soňky mümkinçilik hasaplanýar.


şu gün 10:24
242

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
898

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
6.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.8k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......