ABŞ-da ýokary okuw jaýlarynyň uçurymlarynyň arasynda işsizlik 2003-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

  • 14.02.2026 16:18
  • 6k+

ABŞ-nyň zähmet bazarynda uniwersitetleri täze tamamlan uçurymlar üçin ýagdaý düýpli ýaramazlaşdy. Nýu-Ýorkuň Federal Ätiýaçlyk Bankynyň (FRB) hasabatyna görä, 2025-nji ýylyň dekabrynda bu toparda işsizlik derejesi 5,6%-e ýetdi. Ýylyň başynda bu görkeziji 4,8% bolupdy. Bilermenler häzirki işe kabul ediş şertlerini 2003-nji ýyldan bäri iň kyn döwür diýip häsiýetlendirýärler.

Işsizlik derejesi hünär ugurlaryna görä tapawutlanýar. Işsizligiň iň ýokary görkezijisi antropologlarda hasaba alnan — takmynan 8%. Şekillendiriş we ýerine ýetiriji sungat ugurlarynda işsizlik 6%-den ýokary. Kompýuter inženerçiligindehem işsizligiň 6%-den ýokary bolmagy tehnologiýa sektory (IT) üçin täze we gowşaklyk duýdurýan yşarat boldy.
Işsizlik artan hem bolsa, IT ugurlarynyň uçurymlary döredijilik hünärlerine garanyňda has amatly ýagdaýda galýarlar. Doly däl iş üpjünçiligi (hünärmeniň ýokary bilim talap etmeýän işlerde işlemesi ýa-da islegine garşy gysgaldylan iş tertibinde bolmagy) boýunça tapawutlar uly: inženerlerde doly däl iş üpjünçiligi 20%-den az. Döredijilik hünärlerinde bu görkeziji 50%-den geçýär.

"Kompýuter hünärleri boýunça işsizlik artsa-da, olaryň doly däl iş üpjünçiligi sungat hünärlerine garanyňda has gowy ýagdaýda galýar" diýip, Glassdoor guramasynyň baş ykdysatçysy Deniel Çžaonyň belleýär.


08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.2k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......