Fon Allmen 58 ýyldan soň bir Olimpiadada 3 altyn medal gazanan ilkinji dag lyžaçysy boldy

  • 13.02.2026 11:05
  • 1.3k+

Şweýsariýaly dag lyžaçysy Franýo fon Allmen 58 ýyldan bäri dag lyžasy sporty boýunça bir Olimpiada oýunlarynda üç sany altyn medal gazanmagy başaran ilkinji türgen boldy.
Italiýada dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda ol çaltlandyrylan aşak düşme, toparlaýyn birleşme we supergigant ýaryşlarynda ýeňiji boldy. Şeýlelikde, ol bir olimpiýa ýaryşynyň çäklerinde üç sany altyn sylagy özünde jemledi.

Mundan ozal dag lyžasy sporty boýunça şeýle netijäni gazanmak diňe 1968-nji ýylyň Olimpiada oýunlarynda fransiýaly Žan-Klod Killä başardypdy. Ol çaltlandyrylan aşak düşme, ägirt slalom we slalom ýaryşlarynda altyn medal gazanypdy.
Olimpiýa oýunlary 6-22-nji fewral aralygynda geçirilýär. Ýaryşlaryň dowamynda türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça 116 sany medal toplumy ugrunda bäsleşýärler.


düýn 20:10
5.7k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
2k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....