«Tottenhem» Tomas Franky baş tälimçi wezipesinden boşatdy

  • 11.02.2026 17:50
  • 5.2k+

Londonyň «Tottenhem» futbol kluby Tomas Franky baş tälimçi wezipesinden boşatmak barada karar kabul etdi. Bu hakda toparyň metbugat gullugy habar berdi.
Daniýaly hünärmen «Tottenheme» 2025-nji ýylyň iýun aýynda gelipdi. Onuň klub bilen baglaşan şertnamasy 2028-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenipdi.
«Tomas işlän döwrüniň dowamynda kluba özüni doly bagyşlap, topary ösdürmek üçin bar güýjüni gaýgyrmady. Biz oňa bitiren hyzmatlary üçin minnetdarlyk bildirýäris we geljekki işlerinde üstünlikler arzuw edýäris» diýlip, «Tottenhemiň» resmi beýanatynda bellenilýär.
Iňlis Premýer-ligasynda 16 tapgyrdan soň topar 29 utuk bilen ýaryş jedwelinde 16-njy orunda barýar. Milli çempionatyň soňky sekiz duşuşygynda klub bir gezek hem ýeňiş gazanyp bilmedi. Şol bir wagtyň özünde, «Tottenhem» Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna gönümel çykmagy başarypdy.
52 ýaşly Tomas Frank Londonyň klubyna gelmezden ozal, Daniýanyň «Brondbü», soňra bolsa Angliýanyň «Brentford» toparlaryna tälim beripdi.


düýn 23:57
1.1k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
8.3k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
8k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......