Humanoid-iň robotlary ýeke-täk «beýnä» boýun bolup işlemäni öwrendiler

  • 11.02.2026 09:31
  • 1.5k+

Humanoid kompaniýasy robotlaryň tutuş toplumy üçin ýeke-täk karar kabul ediş merkezi hökmünde işleýän KinetIQ dolandyryş ulgamyny tanyşdyrdy.
Bu platforma senagat we durmuş gurşawynda ammar araba-robotlaryndan başlap, iki aýakly gumanoidlere çenli gurluşy we maksady dürli-dürli bolan enjamlary dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Tehnologiýanyň işleýşi wideoda görkezildi. Birnäçe robot adam tarapyndan kesgitlenen çylşyrymly wezipäni bir wagtyň özünde ýerine ýetirýär. Tigirli androidler sargytlary ýygnaýarlar, konteýnerleri daşaýarlar we harytlary gaplaýarlar. Iki aýakly gumanoid bolsa ses arkaly aragatnaşyk saklap, zatlary alýar we harytlar bilen işleşmäge kömek edýär. Olaryň ählisi rollary paýlaýan we netijä gözegçilik edýän ýeke-täk ulgamyň gözegçiligi astynda hereket edýär.
KinetIQ her bir maşyny aýratynlykda sazlamagyň deregine,  umumy maksady kabul edýär, ony özbaşdak tapgyrlara bölýär we ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär. Eger bir robot belli bir amala laýyk gelmese ýa-da ony başarmasa, tabşyryk başga birine geçirilýär.
Edil şonuň ýaly, maşynyň bir görnüşinde alnan tejribe beýlekileriň işini kämilleşdirmek üçin ulanylýar. Bu bolsa her  modeli işe başdan gözükdirme zerurlygyny aradan aýyrýar.
Humanoid kompaniýasy şeýle gurluşyň robotlaryň ýönekeý görkeziş dabaralaryndan hemişelik amaly ulanylyşa geçirilmegini çaltlandyrjakdygyna ynanýar.


düýn 08:18
1.3k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

12.06.2026 23:56
2.5k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......