9 ýaşly polşaly oglanjyk Rubigiň kubigini 2 sekuntda ýygnady

  • 11.02.2026 16:02
  • 7.2k+

2,766 sekunt — Polşanyň Gdansk şäherinde geçirilen Gdansk Speedcubing League ýaryşynda dokuz ýaşly Teodor Zaýdere Rubigiň kubigini tiz ýygnamak boýunça täze dünýä rekordyny goýmak üçin bary-ýogy şujagaz wagt gerek boldy.
Mundan ozalky rekord hytaýly spidkuber Sýuanýi Genge degişlidi. Ol 2025-nji ýylyň ýazynda Şenýan şäherinde kubugyň ähli reňklerini bary-ýogy 3,05 sekuntda bir ýere jemlemegi başarypdy. Indi bolsa bu sepgit yzda galdy.
Rubigiň kubigini tizlik bilen ýygnamak — spidkubing diýlip atlandyrylýan aýratyn ugurdyr. Professional türgenler Bütindünýä kubik assosiasiýasynyň (WCA) agzalary bolup, bu gurama düzgünleri belleýär, rekordlary ykrar edýär we halkara ýaryşlaryny geçirýär. Polşada bu ugur bilen Polşanyň spidkubing assosiasiýasy meşgullanýar.
Öňde duran ýumuş diňe sözde ýönekeý görünýär: nusgawy 3×3×3 ölçegdäki kubigiň her gapdalyny bir reňkli bolar ýaly edip ýygnamaly. Iş ýüzünde bolsa, bu adamzat reaksiýasynyň iň ýokary çägindäki bäsleşikdir.


15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.8k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....