Insaýder: OpenAI-iň çykarjak ilkinji enjamy Dime atly gulaklyk bolar

  • 09.02.2026 14:55
  • 1k+

GSMArena neşiriniň berýän habaryna görä, OpenAI kompaniýasy özüniň ilkinji enjam görnüşli önümini hödürlemäge taýýarlanýar. Özi-de bu smartfon ýa-da kulon däl-de, eýsem, emeli aň bilen işleýän gulaklykdyr.
Başda kompaniýa emeli aň oturdylan kulon ýa-da ruçka diýen ýaly, has delräk enjamlary çykarmagy göz öňünde tutupdy. OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman dörediljek enjamyň smartfona görä has «asuda we rahatlandyryjy» bir zat bolmalydygyna aýratyn üns beripdi. Ol hatda bu pikirini Apple-iň öňki baş dizaýneri Joni Aýwy işe almak arkaly has-da berkitdi. Emma meýilnamalar üýtgedi we kompaniýa ilkibaşda ýönekeýräk önümden başlamak kararyna geldi.
Hytaý insaýderi zhihuipikachu-nyň Weibo jemgyýetçilik torunda aýtmagyna görä, munuň esasy sebäbi ýokary tizlikli HBM ýat kynçylygy sebäpli enjam bölekleriniň gymmatlamagy boldy. Şunlukda OpenAI enjam üpjünçiligini işläp düzmegiň gerimini wagtlaýynça gysgaltdy.
Gulaklyklaryň «Dime» diýlip atlandyrylmagyna garaşylýar. Olar 2026-njy ýylyň ahyryna çenli bazara çykarylyp bilner. Enjamyň häsiýetnamalary we bahasy barada biraz soňra habar berler.


15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......

13.06.2026 12:23
8.2k+

Messi ChatGPT-niň mahabatynda düşdi

OpenAI kompaniýasy Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagynda ChatGPT-niň mahabat wideosyny hödürledi....

12.06.2026 23:56
2.5k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

10.06.2026 11:22
1.8k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......