"Sietl" Superboulyň ýeňijisi boldy: Sport dünýäsiniň iň iri wakasy nähili geçdi?

  • 09.02.2026 15:11
  • 1.6k+

Superboul — ABŞ-nyň Milli Futbol Ligasynyň (NFL) möwsüminiň final duşuşygy bolup, dünýäniň iň iri sport wakalarynyň biridir. Diňe bir ABŞ-nyň özünde bu oýna ýurduň her üçünji ýaşaýjysy tomaşa edýär. Ýeňiji topar amerikan futbolynyň baş baýragy bolan Lombardi kubogyny alýar.

Brendler üçin bu waka on millionlarça tomaşaça 30 sekundyň içinde özüni tanatmak üçin seýrek mümkinçilikdir. Bu ýyl oýun wagtynda görkezilýän 30 sekuntlyk mahabat roliginiň iň ýokary bahasy 10 million dollara ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylky rekorddan 2 million dollar geçip, täze rekord goýdy.
Bu ýylky finalda "Sietl Sihoks" kluby "Nýu-Inglend Petriots" toparyny 29:13 hasaby bilen ýeňlişe sezewar etdi. Oýun Kaliforniýanyň Santa-Klara şäherindäki "Liwaýs Stedium" stadionynda 75 müň tomaşaçynyň gatnaşmagynda geçdi.
Bu toparlar öň 2015-nji ýylda hem finalda duşuşypdylar, şonda "Nýu-Inglend" 28:24 hasaby bilen ýeňipdi.
Bu ýeňiş "Sietl" üçin taryhdaky ikinji çempionlykdyr (birinji titul 2013-nji ýylda alnypdy).
"Nýu-Inglend" 6 ýeňiş we 12 final bilen liganyň iň titully kluby bolmagynda galýar (şonça ýeňiş diňe "Pittsburg Stilerzde" bar).
"Sietliň" baş tälimçisi Maýk Makdonald 38 ýaşynda Lombardi kubogyny gazanan NFL-iň taryhyndaky iň ýaş tälimçileriň biri boldy.
Geçen duşuşyk taryhdaky 60-njy Superboul boldy. Arakesmedäki uly şüweleňiň esasy ýyldyzy puerto-rikoly reper Bad Bunny boldy. Ol sahna ýörite taýýarlanan we üstünde "Bilelikde biz – Amerika" diýen ýazgy bolan futbol topy bilen çykdy. Şeýle-de, arakesmede Rikki Martin we Ledi Gaga çykyş etdiler.
Emma reperiň çykyşy syýasy seslenmelere sebäp boldy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp reperiň çykyşyny "diýseň ýaramaz" diýip häsiýetlendirdi.
Final üçin iň arzan biletler hepdäniň başynda 5 000 dollardan başlap, oýun güni 3 789 dollara çenli düşdi.
Indiki Superboul 2027-nji ýylyň 14-nji fewralynda Kaliforniýanyň Inglwud şäherinde geçiriler.
Şüweleňi göni ýaýlymda NBC telekanaly berdi.


düýn 15:55
6.8k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
6.8k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 14:57
3.7k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....

düýn 10:43
7.8k+

Sarukýan RAF 10 ýaryşynda Fergýusony ýeňdi, Çimaýewiň söweşi köpçülikleýin uruş bilen tamamlandy

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen «RAF 10» göreş ýaryşynda Arman Sarukýan UFC-niň öňki söweşijisi Toni Fergýuson bilen tutluşykda wagtyndan öň ýeňiş gazandy, Hamzat Çimaýew bilen Dillon......