Ýaş türgenler «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnundan öň Olimpiýa stadionyna baryp gördüler

  • 09.02.2026 14:15
  • 12k+

Aşgabat şäheriniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary paýtagtyň Olimpiýa şäherçesine baryp görmek we onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak baradaky haýyş bilen Gahryman Arkadaga ýüz tutdular. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli sporty ösdürmegi maksat edinýän ýaşlaryň haýyşlaryny kanagatlandyrdy. Türgenler döwrebap toplumyň işi bilen tanyşmak üçin Olimpiýa şäherçesine baryp gördi.
Bu çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen gurnaldy.
Tanyşlygyň dowamynda okuwçylar Olimpiýa şäherçesiniň muzeýinde bolup, 2017-nji ýylyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Aşgabatda geçirilmeginiň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Ýaş türgenlere Aziadanyň nyşanlarynyň ähmiýeti, aýratyn-da, türkmen türgenlerini ýeňişlere ruhlandyran we öňdäki halkara futbol ýaryşynyň tumary hökmünde saýlanyp alnan alabaýyň keşbi barada gürrüň berildi. Olimpiýa alawynyň ýakylan ýerini görmek we dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän infrastruktura bilen tanyşmak ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy.
Gezelenjiň iň gyzykly pursaty Olimpiýa şäherçesinde halkara futbol ýaryşyna taýýarlygyň gidişi bilen tanyşmak boldy. Ýaş türgenler bu ýerde «Arkadag» futbol klubunyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubuna garşy geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görşüni synlady.
Türgenleşikden soň, «Arkadag» FK-nyň oýunçylary ýaşlar bilen söhbetdeş boldy we olara Gahryman Arkadagyň adyndan ýadygärlik sowgatlaryny — futbol toplaryny we süýjülikleri gowşurdy. Mekdebiň okuwçylary geljekde Watanyň sport abraýyny has-da belende götermek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....