Türkmen erkin göreşijileri Groznyda geçirilen ýetginjekleriň ýaryşynda bäş medal gazandy

  • 09.02.2026 13:59
  • 6.3k+

Groznyý şäherinde 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen RWL-VI Riada Wrestling Liga atly halkara ýaryşynda erkin göreş boýunça türkmen türgenleri dürli derejeli bäş sany medala mynasyp boldy.
Türkmen toparynda iň ýokary netijäni Süleýman Musagulyýew görkezdi. Ol 125 kg çenli superagyr agram derejesinde çykyş etmek bilen, bäsdeşlerinden üstün çykyp, hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna göterildi we altyn medaly eýeledi.
Kümüş medala 65 kg çenli agram derejesinde Azatberdi Aşyrgulyýew mynasyp boldy. Bürünç medallary bolsa Azymberdi Aşyrgulyýew (57 kg çenli), Dagan Guwançmyradow (61 kg çenli) we Batyr Begenjow (74 kg çenli) aldy.


03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......