FIFA: Şu gyşda klublar transferler üçin 1,9 mlrd dollar sarp etdi

  • 07.02.2026 16:20
  • 2.5k+

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) habar bermegine görä, professional erkekler futbol klublary ýakynda tamamlanan ýanwar aýynyň transfer penjiresinde 1,9 mlrd dollardan gowrak sarp etdi.
Ýanwar aýynda 5 900-den gowrak halkara transferi hasaba alyndy. Bu görkeziji gyşky transfer möwsümi üçin rekord bolup, geçen ýylky görkezijiden 3% köp boldy. Şol bir wagtyň özünde, umumy çykdajylaryň möçberi 2025-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende, takmynan, 18% azaldy, emma 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň görkezijisinden 20%-den gowrak ýokary boldy.

Iň köp serişde sarp eden iňlis klublary bolup, çykdajylaryň 360 mln dollary olaryň paýyna düşýär. Iň köp çykdajy eden ýurtlaryň ilkinji bäşligine Italiýa, Braziliýa, Germaniýa we Fransiýa girdi.
Fransuz klublary transferlerden iň köp girdeji gazananlar boldy (215 million dollardan gowrak). Olardan soň Italiýanyň, Braziliýanyň, Angliýanyň we Ispaniýanyň klublary gelýär.
Oýunçy satyn almak boýunça iň köp transferler Braziliýada hasaba alyndy, ondan soňra Ispaniýa, Argentina, Angliýa we Portugaliýa ýerleşdi. Satmak transferleri boýunça Argentina öňdeligi eýeledi, sanawy Angliýa, Braziliýa, Ispaniýa we ABŞ dowam etdirdi.
Zenanlaryň professional futbolynda hem çykdajylar boýunça täze rekord goýuldy: klublar ilkinji gezek 10 mln dollardan gowrak sarp etdi, bu bolsa 2025-nji ýylyň ýanwar aýyndan 85% köpdür. Umuman, 420-den gowrak halkara transferi hasaba alyndy, bu bolsa geçen ýylkydan biraz pesdir. Iňlis klublary bu ugurda hem iň uly alyjylar boldy we satyn almak boýunça iň köp transferi amala aşyrdy.


şu gün 16:18
5.9k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
6.1k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.9k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......