Mikelanjelonyň ozal näbelli suraty auksionda başlangyç bahadan 15 esse gymmat satyldy

  • 07.02.2026 16:44
  • 3.5k+

Mikelanjelonyň ozal näbelli suraty Christie's auksionynda 27,2 million dollara satyldy. Bu nyrh suratkeşiň auksionda satylan eserleriniň arasynda rekord görkeziji boldy diýip, auksion öýüniň metbugat gullugy habar berdi.
Christie's-iň maglumatlaryna görä, eseriň eýesi deslapky bahany bilmek üçin onuň suratyny onlaýn portal arkaly ugratdy. Auksion öýüniň hünärmeni bu suratyň Watikandaky Sikstin kapellasynyň potologyna çekilen şahsyýetleriň biri bolan Liwiýa siwillasynyň sag aýagynyň dabanynyň garalamasydygyny anyklady.
Surat gyzyl hek bilen çekilen bolup, ol 1511–1512-nji ýyllara degişlidir. Şol döwürde Mikelanjelo kapellanyň potologyndaky suratlaryň ikinji böleginiň üstünde işleýärdi.
Christie's auksion öýi munuň şu wagta çenli auksiona çykarylan, Sikstin kapellasynyň suratlaryna degişli bolan we ozal hasaba alynmadyk ýeke-täk eskizdigini habar berdi. Şeýle hem ol Mikelanjelonyň hususy kolleksiýalarda saklanýan, takmynan, on sany suratynyň hataryna girýär.

Söwdadan öň esere 1,5–2 million dollar baha berlipdi, emma kolleksionerleriň uly gyzyklanma bildirmegi netijesinde ahyrky nyrh deslapky bahadan, takmynan, 15 esse ýokary boldy.
Bu surat köne ussatlaryň suratlarynyň we britan žiwopisiniň auksionynda hödürlendi, bu ýerde Rembrandt, Tisian we Wilýam Bleýk ýaly meşhur ussatlaryň eserleri hem satyldy.


04.06.2026 17:17
6k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....