Aşgabatda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýurduň ussat küştçüleri kesgitlenildi

  • 06.02.2026 16:24
  • 2.6k+

Aşgabat şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Ýaryşyň jemleýji tapgyry rapid we blitz boýunça ýaryşlar boldy we olaryň netijeleri boýunça ýaş türgenleriň arasynda 72 medal paýlandy.
Çempionatyň absolýut ýeňijileri 16 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Jahan Rejepowa we 14 ýaşyna çenli gyzlaryň arasynda Nurana Söýünowa boldy. Olar üç dissiplinada – nusgawy, rapid we blitz ýaryşlary boýunça altyn medallary gazanmagy başardy.
Şeýle-de, Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinden Aly Ahmedow nusgawy we rapid ýaryşlarynda altyn medallary gazanyp, ýokary ussatlygy görkezdi.
Mary welaýatyndan iki altyn medal gazanan Jennet Ýalkanowanyň we Lebap welaýatyndan üç kümüş medala mynasyp bolan Mähri Agamyradowanyň şahsy üstünlikleri hem aýratyn bellärliklidir.
Ähli ýaryşlaryň jemi boýunça umumy toparlaýyn hasapda Lebap welaýaty birinji orny eýeledi. Baýraklaryň sany boýunça ikinji orna Mary welaýatynyň wekilleri mynasyp boldy, üçünji orny bolsa paýtagtyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebi we «Küşt älemi» akademiýasy paýlaşdy. 


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

20.06.2026 01:00
3.5k+

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......